Amerikan hudožniginiň çeken şol karikaturasynda Mihail Gorbaçýow eli týubikli suratlandyrylypdyr. M.Gorbaçýow ol týubigi gysyp, onuň içindäkini çogduryp daşyna çykaryp dur. Týubigiň ýüzüne bolsa “Söz azatlygy” diýlip ýazylan. Karikaturanyň aşagynda-da şeýle kommentariýa bar: “Sykylyp daşyna çykan zady indi yzyna dykyp bolmaz”.
Iki ädim öňe
2007-nji ýylyň 14-nji fewralynda Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň inaugurasiýasynda eden çykyşynda Türkmenistanda internetiň ýurduň her bir raýatyna elýeterli bolmagy üçin ähli şertleri döretjekdigi barada aýtdy.
Täze saýlanan prezidentiň aýdan sözlerinden sähel wagt geçmänkä, paýtagtda birnäçe internet kafeleri açyldy, ýurtdaky ýeke-täk internet prowaýderi bolan «Türkmentelekom» bolsa isleg bildirýän raýatlary internete birikdirip başlady.
«Türkmentelekomdan» soňra Orsýetiň MTS kompaniýasynyň hem-de «Altyn asyr» öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň simsiz internet hyzmatlaryny türkmen raýatlaryna hödürlemegi netijesinde ýurtda internete bolan gyzyklanma görlüp-eşidilmedik derejede artdy. Internet Türkmenistanda ýyldyrym çaltlygynda ýaýrap başlady.
2010-njy ýylyň birinji çärýeginde internete birigenler öňki ýyllar bilen deňeşdireniňde prosent hasabynda juda ýokary netijelilik görkezdi. Munuň hem esasy sebäbi «Altyn asyr» öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň müşderilere 3G internet hyzmatyny hödürlemegi, şeýle hem MTS-iň öz internet hyzmatlaryny ýarym esse arzanlatmagy bilen düşündirip bolar.
Bir ädim yza
Türkmenistanda internet hyzmatlary her bir raýata elýeterli bolsa-da, internet prowaýderleri arkaly käbir saýtlara girip bolanok. Mysal üçin “Hronika Turkmenistana”, “Gündogar”, “Azathabar” saýtlary Türkmentelekom tarapyndan bireýýäm bloklanypdy.
Türkmenleriň «Duza gaçan duz bolar» diýşi ýaly, MTS kompaniýasy hem Türkmentelekomyň bu ýörelgelerine eýerdi. Şu çaka çenli MTS-iň üsti bilen ähli saýtlara girip bolýardy. Ýöne şu ýylyň aprelinden MTS birnäçe saýtlary bloklady. “Azathabar.com”, “Hronika Turkmenistana”, “Gündogar”, “Facebook”, “Fergana.ru” saýtlary bilen bir hatarda MTS hatda “Serhetsiz reportýorlaryň” saýtyna çenli bloklady.
3G internet hyzmatyny 1-nji martdan müşderilerine paýlan “Altyn asyr” hem bu prowaýderlerden kem galman, ýokarda agzap geçen saýtlary ýakynda bloklady.
Türkmenistandaky internet prowaýderleri tarapyndan “Facebookyň” bloklanmagy internet ulanyjylaryny has-da geň galdyrdy. Dogrusy, müşderiler ilkibada nämäniň-nämedigine-de düşünmediler. Sebäbi browseriň üsti bilen “Facebook” saýtyny çagyrsaň, onuň deregine başga bir adres gelýärdi.
Türkmenistandaky internet prowaýderleri tarapyndan saýtlaryň bloklanýandygyna garamazdan, ýurduň raýatlary proksi serwerleriň üsti bilen gadagan edilen saýtlara arkaýyn girmegi başarýarlar we özlerine gerek informasiýalary alyp bilýärler.
Proksi serwerleriň üsti bilen gadagan edilen saýlara raýatlaryň öňi-soňy girýändiklerini bilseler-de, näme üçin resmiler saýtlary blokladyp, abraýdan düşýärkäler diýen soragyň ýüze çykjagy öz-özünden düşnükli bolsa gerek.
Elbetde, internet ulanyjylar proksi serwerleriň üsti bilen bloklanan saýtlara arkaýyn girmegi başarýarlar, emma ol ýerde özleriniň pikirlerini goýmagy welin başarmaýarlar. Sebäbi saýt proksiden giren ulanyja kommentariýa bermäge ygtyýar bermeýär. “Facebook” bolsa, proskiden girseň, hatda registrasiýa hem edenok.
Suw seňrikden agdy
Türkmenistanda interneti ulanýanlaryň aglaba bölegi ýaşlar. «Gadagan edilen miwäniň tagamy has süýji bolýar» diýlişi ýaly, olar resmileriň bloklaýan saýtlaryna proksi serwerler bilen yzygiderli girip durýarlar. Saýtlardaky materiallara kommentariýa bermek hem olar üçin mesele däl. Häzir türkmen ýaşlarynyň ençeme forum saýtlary bar.
Şu zatlardan çen tutsaň, internet prowaýderleri tarapyndan dürli saýtlaryň bloklanmagynyň netijesizligine göz ýetirmek bolýar.
Alyjan Döwletow Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.