Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rubagylar. Dörtlemeler.


Ak Welsapar
Ak Welsapar
Ykbal seni ozal-başdan sozmasa,
Ýoluňy urdurma, päliň azmasa,
Nadanyň öňünde epme biliňi,
Başyňy dik tut sen, biliň ýazmasa!

***
Zalym soltan bogdy iliň demligin,
Görkezdi ol gaýratynyň kemligin,
Başga hiç bir zady başarmasa-da,
Belli edip gitdi kimiň kimligin.

Güjükler hakynda atalyk alada

Güjükler hakynda edilýär geleň,
Ilki ýal berilýär, soňra-da beleň:
Kime küşgürilse, topulsyn diýip,
Güjük däl-de, saýyp özün şir-peleň.

***
Mert adam hiç haçan başyny egmez,
Ol kümsüklik bilen bokurdak bogmaz,
Agzyň alarsa-da, öňki bolşudyr
Ýa kelläňi kakar, ýa-da zat degmez.

***
Dünýede hiç bir zat manysyz däldir,
Mekirlik – akyldyr, akyl-da – aldyr,
Din ýoly Hudaýa eltýär diýýäler,
Terse äkidýänem ýene şol ýoldur!

***
Ýaman ýitip, ýagşyň güni gelerdi,
Onda adamzadyň dişi gülerdi,
Taňry bizi ýaradanmyş syn üçin
Synap, soň ýaratsa oňat bolardy!

***
Meni näme üçin ýaratdyň, Taňrym?
Ganat bermän, ýerden ýöretdiň, Taňrym?
Älem giňişligin açyp goýduň-da,
Diňe gapysyndan garatdyň, Taňrym?

***
Dana bilen söhbet açan ýagşydyr,
Erbediň deňinden geçen ýagşydyr,
Sözüň sarpasy bar. Ýöne, duş bolsaň,
Türkmeni bölenden gaçan ýagşydyr.

***
Ýüreklerde tagma, durmuşyň dagy,
Şatlykda gussa bar, gülküde – agy;
Geljek näme? Nämede oň manysy,
Eger geçmiş bolsa, beýik Pyragy…

***
Ynsany ne beýle synaga dözýäň,
Pelek, sen nämäniň köýünde gezýäň?
Gündiz ýagty bilen gözümi baglap,
Gije-de älemiň törün görkezýäň.
XS
SM
MD
LG