Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Medwedew Kamerony täze wezipesi bilen gutlady


Orsýetiň prezidenti Dimitriý Medwedew düýn Britaniýanyň täze bellenen premýer-ministri Deýwid Kamerona jaň edip, ony täze wezipesi bilen gutlady.

Medwedew Britaniýanyň we Orsýetiň raýatlarynyň bähbidi üçin we halkara howpsuzlygy üpjin etmek boýunça Moskwanyň Kameron bilen işleşmäge taýýardygyny belledi. Bu barada Kreml tarapyndan ýaýradylan maglumatda aýdylýar.

Konserwatorlaryň ýolbaşçysy Kameron Britaniýanyň täze premýer-ministri hökmünde sişenbe güni wezipä başlady. Şunlukda, leýboristleriň Britaniýadaky 13 ýyllyk häkimiýeti soňlandy.

Kameron Liberal-demokratik partiýasy bilen bilelikde döredilen koalision hökümetine ýolbaşçylyk eder. 6-njy maýda geçirilen saýlawlarda konserwatorlar birinji we Liberal-demokratlar bolsa üçünji orny eýeläpdi.

Britaniýa bilen Orsýet BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň weto sesine eýe agzalarydyr. Ýöne soňky ýyllaryň dowamynda bu iki ýurduň aragatnaşygy o diýen gowy bolmandy.
XS
SM
MD
LG