14-nji maýda Daşoguzda Türkmenistanyň ýaşulularynyň maslahaty geçirilýär. Şu mynasybetli, Daşoguz şäheri toý lybasyna beslendirildi. Ýurduň prezidenti Berdimuhamedow bolsa maslahatyň bir gün öňüsyrasynda bu welaýata sapar bilen geldi.
Ýurduň prezidentini garşylamak üçin Daşogzuň ýaşaýjylary köçä çykdylar. Şäheriň aeroportyndan tä Türkmen oba hojalyk institutynyň binasyna çenli daşoguzlylar ýoluň iki gyrasyna düzülip, Berdimuhamedowy şatlyk-şagalaň bilen alkyşladylar.
Berdimuhamedow Daşoguz şäherinde Türkmen oba hojalyk institutynyň, 50 orunlyk «Ene mähri» merkeziniň, 600 orunlyk orta mekdebiň, 160 orunlyk çagalar bagynyň, 2800 orunlyk Ruhyýet köşgüniň, arassa agyz suwy zawodynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy. Prezidentiň ähli gatnaşan çäreleri ýurduň medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary bilen dabaralandyryldy.
Türkmen oba hojalyk instituty Daşoguz welaýatyndaky ilkinji ýokary okuw mekdebi bolup, ony Oba hojalyk ministrliginiň buýurmasy boýunça Türkiýäniň «Ekol» kompaniýasy gurdy. Institutyň okuw binasynyň umumy meýdany 15 müň 440 kwadrat metrdir. Bu ýokary okuw mekdebi agronomçylyk, weterinar lukmançylygy, gidromeliorasiýa we oba hojalyk mehanizasiýasy fakultetlerinden ybaratdyr.
Daşoguzda açylan 600 orunlyk orta mekdep häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelýän internet ulgamyna birikdirilendir. Elli orunlyk «Ene mähri» merkezi bolsa dünýä standartlaryna gabat gelýän enjamlar bilen enjamlaşdyrylypdyr.
Arassa agyz suwy zawodynyň kuwwaty her gije-gündizde 150 müň kub metre barabar möçberde arassalanan agyz suwuny taýýarlamaga ukyplydyr.
Ertir bolsa Daşoguz şägerindäki bina edilen täze 10 müň orunlyk stadionyň açylyş dabarasy bolar. Stadionyň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň prezidentiniň gatnaşmagyna garaşylýar.
Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.