Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dostlugyň waspçysy


Şamuhammet Akmuhammedow
Şamuhammet Akmuhammedow

Türkmen şekillendiriş sungaty agyr ýitgä sezewar boldy. Türkmenistanyň halk hudožnigi, sungatda at gazanan işgäri, ýaşlar baýragynyň we Jawaharlal Neru adyndaky halkara baýragynyň eýesi Şamuhammet Akmuhammedow agyr keselden soň 9-njy maýda 73 ýaşynyň içinde aradan çykdy.

Şamuhammet Akmuhammedowýn eseri, “Şaý-sep”
1937-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda Mary şäherinde eneden bolan Şamuhammet ir ýetim galyp, Gyzylarbat (häzirki Serdar) şäherindäki çagalar öýünde terbiýelenýär. Ol ilki Aşgabadyň Şota Rustaweli adyndaky çeperçilik mekdebini, soňra Moskwanyň Surikow adyndaky çeperçilik institutyny üstünlikli tamamlaýar.

Şamuhammet Akmuhammedow çeper döredijilik bilen birlikde jemgyýetçilik - döwlet işleri bilen hem meşgullanýar. Ol sekiz ýyllap Türkmenistan hudožnikler birleşiginiň sekretary, alty ýyllap onuň başlygy, birnäçe ýyllap çeperçilik fondunyň ýolbaşçysy, medeniýet ministriniň orunbasary wezipelerinde başarnykly işledi.

Ussat suratkeşiň, görnükli jemgyetçilik-döwlet işgäriniň ady on tomluk Türkmen sowet ensiklopediýasynyň onunjy tomuna goşmaça girizildi. Onda hudožnigiň “Nohur”, “Güýz paslyndaky bag”, “Günorta wagty”, “Älemgoşar”, “Kinoaktýor Öwezgelenowyň portreti”, “Gülleýän respublika “, “Respublikanyň jar edilmegi”, “Meniň Türkmenistanym” triptihi ýaly kartinalarynyň şekillendiriş sungatyna saldamly goşant bolandygy nygtalýar. Olaryň birnäçesi häzir Türkmen döwlet şekillendiriş sungaty muzeýinde saklanylýar. Žiwopisçiniň kartinalarynyň daşary ýurt muzeýlerinde saklanylýanlary-da, aýry-aýry adamlaryň hususy kolleksiýalaryna düşenleri-de bar.

Şamuhammet aganyň çeper döredijiligi köptaraplydy. Ol Hydyr Derýaýewiň “Mähri”, Aman Kekilow bilen Taňryguly Taganowyň “Söýgi” we beýleki spektaklaryň sahna bezegini nusgalyk derejede ýerine ýetirdi. Bu ugurda onuň Bäşim Garajaýew, Çary Hümmedow ýaly onlarça şägirdi halypanyň ýoluny mynasyp dowam etdirdiler.

Gyzylarbat çagalar öýüniň höwesjeň teatrynda aktýorlygyň ilkinji tärlerini ele alan hudožnik “Gyrnak”, “Ölüm ýokdur,oglanlar’’ ýaly türkmen çeper filmlerinde, “Ofiserler” ýaly Moskwada surata düşürilen çeper filmde birnäçe keşbi professional artist kimin ýerine ýetirdi.

Şeýle hem Şamuhammet Akmuhammedowyň galamyndan “Maýagyň şöhlesi”, “Bäşim Nuraly”, “Gözelligi eçilmek”, “Edep-terbiýe berenler” ýaly Alty Garlyýew adyndaky kinostudiýada surata düşürilen dokumental filmleriň ssenarileri-de çykdy.

Ol dostlugy wasp ediji suratkeş hökmünde köp ýurtda, ozaly bilen-de Hindistanda giňden tanalýardy. Ussat hudožnik beýik Magtymgulynyň hyýalynda müdimi orun alan bu gözel ýurtda döredijilik saparlarynda bolup, 60-dan gowrak kartina döredýär. Ony hindi hökümeti Delä—Jawaharlal Nerunyň doglan gününiň dabarasyna ýörite çagyrýar. Şamuhammet Akmuhammedow Hindistana bagyşlanan eserleri üçin bu ýurduň iň arzyly sylagyna - Jawaharlal Neru adyndaky halkara dostluk baýragyna mynasyp bolýar. Bu baýrak Hindistanyň görnükli syýasy we döwlet işgäriniň, milli azat edijilik hereketiniň liderleriniň biriniň, ilkinji premýer-ministriniň adyny göterýändigi üçin has ähmiýetlidir.

Soňky ýyllarda…

Şamuhammet Akmuhammedowýn eseri, “Gelin”
Halypa hudožnik garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň çeperçilik akademiýasynda ýaşlara sapak berýärdi. Ol bu okuw jaýynyň düýbüni kärdeşi Gulnazar Begmyradow bile bilelikde tutupdy. Ömrüniň soňky günlerine çenli nägehan kesele ýan bermän, öz tejribesini, dünýä usssatlarynyň döredijilik tärlerini ýaş hudožniklere yhlasly öwredýärdi.

Onuň şu okuw jaýyndaky kärdeşi, Türkmenistanyň halk hudožnigi Annadurdy Almämmedow Şamuhammet aganyň saglygynyň halys egbarlandygyna garamazdan, sapaklaryny sypdyrmandygyny, şägirtleriňe özümiz esewan bolarys, sen git-de dynjyňy al, saglygyňa seretdir diýilse-de, akademiýada galyp, derslerini dowam etdirendigini gürrüň berdi. Diňe ölüminiň öň ýanyndaky soňky iki hepdede ýanyny doly ýere berensoň, akademiýada görünmedi, kärdeşleri, şägirtleri, dost-ýarlary, il-gün onuň halyndan habar alyp durdular.

Biz Şamuhammet aga bilen soňky 22 ýylda goňşuçylykda ýaşadyk, ýöne onuň gatyrganan, özünden ula-kiçä ajy söz aýdan halatyny görmedik. Ol hemmeler bilen mylakatlydy, hakyky türkmen ýaşulusydy.

Gynansak-da, soňky bäş-on ýyllykda türkmen häkimiýetleri bu suratkeş babatda-da adalatsyzlyga ýol berdiler, ol radio, telewideniýede, metbugatda çykyş etdirilmedi. Hatda onuň 70 ýyllyk ýaş toýuny-da görmezlige saldylar, resmi bellemediler.

Şamuhammet Akmuhammedowyň adyny özünden ulularyň-da, özünden kiçileriň-de köpüsi “Şajan”-diýip, hormat-sylag bilen mähirli tutýardylar. Ol şeýle at bilen ýurduň dürli künjeginde giňden tanalýardy. “Ýagşydan at galar” diýleni.

Merhumy soňky ýoluna ugratmaga döredijilik intelligensiýasynyň görnükli wekilleriniň, onuň kämil sungatynyň muşdaklarynyň, goňşy golamlarynyň, tanyş-nätanyşlarynyň ýüzlerçesi gatnaşdy. Ýas dessurlarynda diňe resmiler göze ilmedi. Ol Çoganlydaky gysga wagtda dolup barýan gonamçylykda topraga berildi.

Merhumyň jaýy jennetden bolsun!

Aşyrguly Baýryýew aşgabatly garaşsyz žurnalist, “Edebiýat we Sungat” gazetiniň öňki baş redaktory.
XS
SM
MD
LG