Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň prezidenti wezipesine dalaşgär wagty öz programmasynda bilime aýratyn üns berjekdigini wada edipdi. Prezident wezipesine saýlanansoň, ol, elbetde, bu ugurda käbir işleri geçirdi. Eger öňki prezident Saparmyrat Nyýazow sowet döwründe döredilen we onlarça ýyldan bäri kadaly işläp duran bilim sistemasyny ösdürmän, gaýta dargadan bolsa, G.Berdimuhamedow ýumrulan bilim ulgamyny azajygam bolsa dikeldip, ony her hal öňki kaddyna golaýlatdy. Ýöne bilim reformasy ýurtda şondan aňryk ýöremedi.
Ylymlar Akademiýasynyň täzeden işläp başlamagyna, ýokary okuw jaýlarynda okuw programmasynyň gaýtadan bäş we alty ýyllyk möhlete getirilmegine, dokuz ýyllyk orta mekdepleriň ýene-de on ýyllyk edilmegine, elbetde, doly bahaly reforma diýip bolmaz.
Soňky ýyllar bilim pudagy kompýuter tehnologiýasy bilen enjamlaşdyrylan hem bolsa, okuwyň derejesini 1990-njy ýyldaky ýagdaý bilen deňeşdirsek, onda yzagalaklygyň örän uludygy mese-mälimdir.
Has ösen döwletleri almanyňda-da, bilim ulgamynda Türkmenistan hatda öz goňşularynyň arasynda-da iň yzagalagy. Bilimiň dürli ugurlaryndan ýöredilýän okuw programmalary döwrüň talabyna laýyk gelmeýär. Şol sebäpli Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlaryny tamamlan ýaşlaryň, bilim derejesiniň daşary ýurtda okanlaryňkydan köplenç has pes bolu çykýar.
Prezident Berdimuhamedowyň bilim pudagyny dikeltmek baradaky çäreleri bu ugurdan zerur reformalaryň geçirilmegine mätäç. Türkmenistanda häzir her ýylda 100 müňden gowrak ýaşlar orta mekdebi tamamlaýarlar. Olardan döwlet okuw jaýlaryna diňe 5000 müň töweregi girip bilýär, ýene 12 müň töwregi ýaş oglan-gyzlar hem mejbury ýagdaýda daşary ýurtlara okuwa gidýärler.
Türkmenistanda her ýyl 80 000 müňden gowrak ýaşlar ýokary bilim alyp bilmän durmuşyň agyr girdabyna çümýär. Beýnisi berkemedik ýaşlaryň bir topary neşe belasyna duşsa, beýleki topary aňsat baýajak bolup, jenaýata ýüz urýar.
Goňşy Russiýa Federasiýasynda ösüp gelýän ýaşlary jenaýatdan saklamak we olara ýokary bilim bermek üçin dürli okuw programmalary kabul edilýär. Rosstatyň habar bermegine görä, 2006-njy ýylda Russiýada orta mekdebi 1 million 200 müň okuwçy tamamlan bolsa, şol ýyl ýaşlardan 1 million 400 müňüsi ýokary okuw jaýlaryna kabul edilipdir. Ondan daşgary ýene 280 müň ýaş oglan-gyzlar hususy ýokary okuw jaýlaryna kabul edilipdirler. Şu sanlary göreniňde, kemsineniňi duýman galýaň. Oýlanyp görseň, Türkmenistanda ol-a 100 müň eken, hatda 200 müň oglan-gyzy ýokary okuw jaýlarynda okatmaga-da mümkinçilik bar ahyryn!
Kanundaky düşündirişler
2009-njy ýylyň 15-nji awgustynda kabul edilen «Bilim hakynda» kanunda täzeçilligiň bardygyny görse bolýar. Ol kanunyň 10-njy maddasy «Bilimiň görnüşleri» diýlip atlandyrylýar. Onuň 2-nji tertibinde «Bilim berýän edaralarda, gijeki we gaýybana bölümlerini ulanýanlara» diýlip görkezlipdir. Bu hem Türkmenistanyň okuw jaýlarynda gijeki we gaýybana bölümleriň açyljakdygyny aňladýar.
Kanunyň 11-nji maddasy «Bilim edaralary» diýlip atlandyrylýar. Şol maddanyň 3-nji tertibinde «Bilim beriji edaralar Türkmenistanyň eýeçilik hakyndaky kanuny esasynda döwlet, hususy we beýleki görnüşdäki eýeçiliklerde bolup bilýär» diýlip aýdylýar. Bu hem Türkmenistanda köp ýyllardan bäri garaşylýan hususy okuw jaýlarynyň döremegine ýol açmaly kanun.
Mundan başga-da, kanunyň 31-nji maddasynda «Tölegli bilim bermek» hakynda hem bellenilip geçilýar. Onda «hususy okuw jaýlaryndan daşgary, eger-de döwlete kadrlar ýetmezçilik eden ýagdaýynda, görkezilen sanlardan başga-da, döwlet okuw jaýlaryna hem goşmaça, tölegli okuwçy kabul etmäge rugsat berilýär» diýlip görkezilýär.
Şeýle seredeniňde «Bilim hakynda» kanun, Türkmenistanda tölegli we hususy okuw jaýlarynyň açylmagyna hem-de işlemegine doly itergi berýar. Şonuň bilen birlikde kanunda birnäçe ýetmezçilikler hem bar. Okuwa girýän ýaşlary maddy taýdan goldamak döwletiň esasy işleriniň biri bolmaly. Emma kanunda bu barada bir söz hem aýdylmandyr.
Ösen ýurtlarda döwletiň göndermesi bilen okuwa girenini tassyklan ýaşlara banklardan uzak möhletleýin karz pul berilýär. Döwlet şol karz pullaryň prosentini subsidiýe hökmünde öz üstüne alýar. Şeýle ýagdaý garyp maşgaladan bolan ýaşlara hem ýokary bilim alamaga gowy mümkinçilik döredýär. Bu praktikany dünýäniň hemme ýurtlary ulanýarlar. Ýöne, gynandyrýan ýeri, hazirki güne çenli, Türkmenistanyň Bilim ministrligi bu kanun esasynda düzgünnamalary kabul etmän gelýär. Hökümetiň geleňsizligi ençeme türkmen ýaşlarynyň ýokary bilim almak umydyna böwet bolýar.
Ynha, ýene sanlyja aýdan ýokary okuw jaýlaryna giriş ekzamenleri başlanar. Eger türkmen hökümeti şu okuw ýylyndan başlap, «Bilim hakyndaky» kanunyň doly we dürs işlemegini gazanyp bilmese, onda türkmenleriň 10 müňden gowragy ýene-de daşary ýurtlara bilim almaga gitmäge mejbur bolarlar. Bu hem ýurduň daşyna diňe bir okuwa höwesek ýaşlaryň däl-de, döwletiň özüne gerekli altyn pullaryň hem başga döwletlere gitmegine sebäp bolar.
Gurbangeldi Töräýew aşgabatly synçynyň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.