Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türmedäki rus tütjary Hodorkowskiý açlyk yglan edýär


Orsýetiň türmede oturan nebit tütjary Mihail Hodorkowskiý nädogry sud kararlaryna ünsi çekmek üçin açlyk yglan edendigini aýdýar.

Hodorkowskiý Orsýetiň Ýokary suduna ýazan açyk hatynda rus sudlaryny golaýdaky kanun üýtgetmelerine göz ýummakda aýyplaýar.

Hodorkowskiniň diýýän kanun özgerişlikleri ykdysady jenaýatda günäli bilnen tussaga suddan öň tutulyp saklanmakdan gutulmaga şert döredýär.

Hodorkowskiniň aklawçysy Ýuriý Şmidt Hodorkowskiniň bu ýagdaý prezident Medwedewe, kanun üýtgetmelerini başlan adama mälim bolýança açlyk çekjegini aýdýar.

Ozalky Ýukos kompaniýasynyň başlygy Hodorkowskiniň protesti simwoliki häsiete eýe, ol salgytdan gaçmakda günälenip, 8 ýyl türme tussaglygyna höküm edilen we döwlet emlägine el urmakda günäli tapylsa, goşmaça ýyl almak bilen ýüzbe-ýüz dur.

Ol 2003-nji ýyldan bäri türmede we onuň tarapdarlary Hodorkowskiniň syýasy sebäpler esasynda basylandygyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG