Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prezidentiniň teklibi amala aşmady


Şu ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow jenaýatçylara berilýän iň ýokary jezanyň möhletiniň 25-den 15 ýyla getirilmelidigi barada teklip edipdi.

Şu aýyň başynda bolsa Türkmenistanyň parlamenti öz nobatdaky maslahatynda täze kanunlaryň we düzgünleşdiriji hukuk aktlarynyň taslamalaryna garady.

Garalan köp sanly kanuny proýektleriň hatarynda «Türkmenistanyň Jenaýat kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek» hakyndaky kanunyň taslamasy-da bardy.

Emma türkmen metbugatynda çap edilen Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň täze görnüşinde türkmen prezidentiniň bu teklibiniň amala aşmandygy belli bolýar.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy Aşyrguly Baýryýewiň bu baradaky synyny diňlemek üçin sag tarapda ýerleşdirilen audio düwmani basyň.
XS
SM
MD
LG