Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dünýäniň pul bazarlarynda görkezijiler pese gaçdy


Düýn dünýäniň pul bazarlarynda gymmat bahaly kagyzlaryň bahalary we esasy görkezijiler birden aşak gaçdy.

ABŞ-da, Beýik Britaniýada, Germaniýada esasy görkezijiler 2-3 prosent peseldi. Fransiýada möhüm birža görkeziji SAS-40 üç ýarym prosent töweregi aşyk indi.

Şeýleräk ýagdaý Aziýa bazarlarynda, hususan-da, Günorta Koreýada, Ýaponiýada boldy.

Ekspertler bu aşak gaçyşy ýewrozologyň ençeme ýurdunuň öz döwlet bergileriniň hötdesinden gelip biljegine inwestorlaryň şübheli garamagy, şeýle-de Günorta hem Demirgazyk Koreýanyň arasyndaky gatnaşyklarda dartgynlylygyň güýçlenmegi bilen baglanyşdyrýarlar.
XS
SM
MD
LG