Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýene neşe söwdagärleri barada söhbet


Ýurtda neşe söwdasynyň, neşekeşligiň döreýändigi, ýaýraýandygy, ösýändigi üçin biz hökümeti ýumruk ýassygy edinmäge, döwleti günälemäge, ýolbaşçylara köteklemäge endik edipdiris.


Elbetde, bu zatlaryň ýüze çykmagynda hökümetiň, döwletiň, ýolbaşçylaryň-da günäsiniň bütinleý bolmazlygy mümkin hem däl. Ýöne, ine, biz bu bolýan wakalara gapdaldan syn edip otyrys hem-de neşä ulaşanlar barada aram-aram: «Şularyň akyly ýerinde däl bolaýmasyn?!» diýip, oýlanýarsyň. Bu zatlary diýmegimiziň özüne ýetesi sebäbi bar.

Neşe söwdasyna ulaşyp, hökümetiň günä geçişligine düşüp, türmeden gelen maşgalalaryň käbiri hakda men size gürrüň bermek isleýärin. Onsoň, şeýle adamlara nähili baha kesjegiňizi özüňiz biliň.

Birinji maşgala: Öň polisiýada işläp ýören G. diýen kişi tirýek söwdasynda tutulyp, türmä düşýär hem-de işinden kowulýar. Ol Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Nyýazowyň günä geçişliginiň netijesinde aklanyp, türmeden boşaýar. Bir ýyl geçip-geçmänkä G. ýene neşe söwdasynda tutulýar. Ikinji sapar hem günä geçişlige düşüp gelýär. Ol üçünji sapar hem tutulýar. Üçünji saparda türmeden onuň ölüsi gelýär. Il iýmäge çörek tapman ýörkä köşk ýaly jaý gurnup, maşyn edinen bu maşgaladan soňra G.-nyň jigisi neşe söwdasy bilen tutulýar. Jigisi hem birinji sapar boşap gelýär, ikinji sapar ölüp gelýär.

Soňra bu maşgaladan G.-nyň aýaly neşe söwdasynda tutulyp, türmä gidýär. Bu hem birinji sapar günä geçişlige düşüp gelýär, soň ýene - ikinji sapar geroin satmakda tutulyp, ýigrimi bäş ýyl azatlykdan mahrum edildi. Ol häzir türmeden çykyp gelenok. Ýöne ejeleri heniz türmedekä G.-nyň durmuşa çykan gyzy, uly ogly geroin söwdasy bilen tutulyp, soňra günä geçişlige düşüp, boşap geldiler. G.-nyň durmuşa çykan gyzy ikinji sapar hem neşe söwdasy bilen tutulyp, üç çagasyny taşlap, ýene türmä gitdi. Ol häzir Daşoguz türmesinde jezasyny çekýär. Bu maşgalanyň körpe ogullary hem geroin söwdasynda tutulyp, birinji sapar günä geçişlige düşüp, boşap geldi.

Ikinji maşgala: Bu hem polisiýa işgäriniň maşgalasy. Sowet döwründe uly tirýek söwdagäri bolan polisiýa işgäri ölýänçä ele düşmändir. Ýöne onuň iki ogly, bir durmuşa çykan gyzy iki sapar geroin söwdasynda tutulyp, günä geçişlige düşüp geldiler. Indi olaryň agtyklary türmä gidip ugrady. Agtyklarynyň biri birinji sapar hökümetiň günä geçişligine düşüp, häzir ýene ikinji sapar neşe söwdasy bilen tutulyp gitdi.

Üçünji maşgala: Bu polisiýa işgäriniň maşgalasy däl. Ilki neşe söwdasy bilen kakalary oturyp gelen. Soňra kämillik ýaşyna ýetmedik ogullary, bir durmuşa çykan gyzlary, soň ejeleri neşe söwdasy bilen tutulan.

Dördünji maşgala: sowet döwrüniň ministriniň maşgalasy. Bu maşgaladan öň kakalary türmä gidip gelen, özem neşekeş. Söňra ejeleri neşe söwdasy bilen tutuldy, ýene uly ogullary tutuldy. Kiçi ogul hem maşgalanyň şol hapa işini dowam edýär. Onuň hem bu gün bolmasa, ertir ele düşjegi görnüp dur.

Ine, şu spisogy näçe uzaltsaň - uzaldyp oturmaly. Iň geň galdyrýan ýerem—şeýle maşgalalar hor däl. Olarda jaý hem ýetik, daşary ýurt maşynlary-da. Özlerem türmeleriň aýylgançlyklaryny görüp gelensoň hem olaryň ýene ele düşmekden gözleri gorkanok. Bu nämäniň alamaty? Olar garadan gaýtmazmy ýa dälimi?! Ýa-da hossarlary türmä günüň-güni gatnap, iýmit bilen üpjün edip duransoň, olar tussaglykda kynçylyk görenoklarmyka? Ýa-da neşe söwdagärleriniň mafiýasy olary halys sypdyranokmyka?

Türmeden gelene hökümetiň iş bermezligi olary ýene neşe söwdasyna itekleýärmikä?! Bu ýagdaý hem bahana edinerlik däl. Sebäbi häzir ýurtda hökümete degişli bolmadyk firmalar köpeldi. Halal maşgalalar bazarlarda çörek, ýüpek-sapak, çal satyp güzeran dolaýarlar. Ýöne neşe söwdagärleriniň maşgalalary beýle işlere-de baş goşmak islemeýärler. Olar işlemäge ýaltanýar.

Kim bilýär?! Olaryň türmeden-ä ýygnanaslary gelenok. Özlerem türmä baky gitmek niýetleri bar ýaly: «Türmede gurluşyklar alnyp barylýar. Hökümet indi dünýä standartlaryna gabat gelýän türmeleri gurjakmyş. Türmeler öýlerden gowy boljakmyş. Diňe telewizor görüp, iýip-içip ýatmaly boljakmyş» diýşip, ölen atalary direlen ýaly, begenişip gürrüň edýärler. Şeýle adamlar känkä, ýurtdaky neşekeşligiň soňuna çykyp bolrmyka diýen sowal döreýär. Nesilleriň neşe bilen zäherlenmesi entek-enteklar galarmyka?!

Hökümetiň günä geçmeleri bilen olary akyllandyryp bolarmyka?!

Parahat Ilmyradow Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy. Şu blogda öňe sürlen pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG