Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Morningstar Azerbaýjan bilen Türkiýäni gaz ylalaşygyna çagyrýar


Şu gün Birleşen Ştatlaryň Ýewroaziýa energiýa meselesi boýunça ýörite wekili Riçard Morningstar Azerbaýjan bilen Türkiýäni gaz tranziti boýunça uzaga çekdirilen ylalaşyga çözgüt tapmaga çagyrdy.

Kaspi basseýninde energiýa önümçiligini ösdürmek meselesine bagyşlanylyp Bakuda geçirilýän konferensiýada eden bu çykyşynda Riçard Morningstar Ýewropanyň Orsýetiň gazyna bolan garaşlylygyny azaltmak meselesinde Azerbaýjan bilen Türkiýäniň arasynda gelinjek bu ylalaşygyň uly rol oýnajakdygyny nygtady.

Azerbaýjan bilen Türkiýe indi iki ýyl bäri Günorta korridor boýunça gazyň tranziti barada özara ylalaşyga gelip bilmän gelýärler.
XS
SM
MD
LG