Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetli protestçileriň umydy puja çykdy


Ýakynda Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putiniň ýurtda parahatçylykly protest çykyşlarynyň geçirilmegine adaty zat hökmünde garaýandygyny we beýle çäreleri goldaýanlygyny jemagat öňünde aýtmagy häkimiýetler 31-nji maýa planlaşdyrylan protest çykyşlaryna-da adaty waka hökmünde gararlar diýen pikiri döredipdi. Emma protestçileriň bu umydy puja çykdy.


31-nji maýda Moskwanyň Maýakowskaýa metro duralgasynyň golaýynda ýygnanan ýüzlerçe demonstrantlar ýurtda kanunçylygyň ýola goýulmagyna we häkimiýetiň wertikal sistemasynyň üýtgedilip gurulmagyna çagyrýan şygarlar bilen çykyş etdiler.

Şeýle şygarlar bilen çykyş edenleriň arasynda oppozision «Raýdaşlyk» hereketiniň agzasy, žurnalist Aleksandr Artýomow hem bardy. Bu günki gün ol polisiýanyň güýç ulanmagyndan alan ýaralary sebäpli keselhanada ýatyr.

Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda ol öz ýagdaýyny şeýle suratlandyrdy: «Menin golum üç ýerinden döwlen. Keselhanada men azyndan 10 gün bolmaly, soňam golumy üç aýlap gipsde saklamaly».

Hüjümler we tussag edişlikler

Aleksandr Artýomow demonstrasiýa wagtynda polisiýa işgärleri tarapyndan güýç bilen alnyp gidilen 100-den gowrak adamyň arasyndady. 31-nji maýda protest çykyşlarynyň başlanmagynyň yz ýany bilen polisiýa işgärleri protestçilere hüjüm edip, olaryň köpüsini ýençdiler we ýene bir toparyny bolsa awtobuslara dykyp, alyp gitdiler.

Moskwadaky bu wakalar bilen bir wagtda Sankt-Peterburg şäherinde Milli-bolşewikler partiýasynyň geçiren protest çykyşlarynda-da 50 töweregi adam tussag edildi. Şuňa meňzeş wakalar şol gün Orsýetiň Kemerowo şäherinde-de boldy.

Moskwadaky protestlere gatnaşyjylardan biri tussag astyna alnan adamlardan käbirleriniň henizem wagtlaýyn tussaghanalarda saklanýandyklaryny aýtdy.

31-nji maýda geçirilen demonstrasiýalar Orsýetde «Strategiýa 31» ady bilen ynsan hukuklaryny goraýjy aktiwistleriň we syýasy oppozisiýa agzalarynyň ýola goýan kampaniýasynyň nobatdaky çäresi hökmünde alamatlandy.

«Strategiýa 31» ady bilen ýola goýlan bu kampaniýa indi ýylyň dowamynda 31 günden ybarat bolan her aýyň 31-ne hökümete garşy protest çykyşlaryny geçirmekligi maksat edinýär. 31-lik san Orsýetiň Konstitusiýasynda ýygnanyşmak azatlygyny kepillendirýän 31-nji madda ünsi çekmek maksady bilen edilen saýlanyp alyndy.

Puja çykan umytlar

Wladimir Putin
Bu soňky demonstrasiýalaryň öňüsyrasy, 29-njy maýda, Wladimir Putiniň jemgyýetçilik işgärleri bilen geçiren duşuşygynda onuň demonstrasiýalar barada eden bellikleri köp adamlarda bu babatda oňyn umytlary döredipdi.

Hususan-da, Wladimir Putin orsýetli belli sazanda, Kremliň tankytçysy Ýuriý Şewçugyň bu mesele baradaky soragyna beren jogabynda «protestler hökümetiň işine päsgel berenok, gaýta ýardam edýär» diýip, soňra-da: «Eger-de adamlar häkimiýetleriň üns bermeli möhüm meselelerini gozgaýan bolsalar, bu ýerde gorkar ýaly näme bar? Munuň üçin gaýta sagbolsun aýtmaly» diýip, nygtady.

Käbir adamlaryň Putiniň bu sözlerini oňyn alamat hökmünde kabul edendiklerine garamazdan, entek protest çykyşlary geçirilmänkä tanymal oppozisioner syýasatçy Eduard Limonow Putiniň sözlerine ynanmaýandygyny belläp, çykyş etdi: «Hemme zat öňküsi ýaly bolar. Putin hemişe öz pikirini aýlawly aýtmagy gowy görýär we ol köplenç ýalan sözleýär».

Rugsat gerekmi?

Moskwanyň içeri işler dolandyryşynyň metbugat sekretary «RIA Nowosti» habar agentligine beren interwýusynda 31-nji maýda Moskwadaky Triumfal bulwarda Kremle tarapdar ýaşlar toparyna eýýäm ýöriş geçirmäge rugsat berlendigi üçin, ol ýere golaý ýerde oppozisiýa aktiwistleriniň demonstrasiýa geçirmeklerine ýol berilmändigini aýtdy.

Emma Orsýetiň adam hukuklary boýunça komissary Wladimir Lukin, kanuna görä, demonstrasiýa geçirmek üçin häkimiýetlerden rugsat soralmaly däldigini, munuň üçin diňe öňünden ýazmaça duýduryş bermekligiň ýeterlik bolmalydygyny belledi.

Häkimiýetleriň güýç ulanmalaryna garamazdan, Orsýetiň oppozisiýa liderleri öňümizdäki iýul aýynyň 31-ne ýurduň dürli regionlarynda uly gerimde demonstrasiýalary gurnamaklyga taýýarlyk görülýändigini mälim etdiler.
XS
SM
MD
LG