Günbatar ýurtlary Eýranyň ýadro programmasynyň ýadro ýaraglaryny öndürmäge gönükdirilendiginden howatyrlanýarlar. Emma Eýran bu günäkärlemeleri ret edýär.
9-njy iýunda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde geçirilen ses berişlikde Geňeşiň 12 agzasy rezolýusiýany goldap çykyş etdi, Türkiýe bilen Braziliýa ret etdi, Liwan ses bermekden saklandy.
ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama ses berişlikden soň Ak tamda çykyş edip, BMG-niň alan karary “Eýranyň öz diýenine tutmagynyň barha agyr netijelere getirýändigini görkezýär” diýdi.
“Bu sanksiýalar Eýranyň hökümetiniň häzire çenli ýüzbe-ýüz bolan iň güýçli sanksiýalary bolar. Bu sanksiýalar Eýranyň ýadro çärelerini, ballistik raketa programmalaryny hem-de, ilkinji gezek, ýadrosyz harby güýjüni çäklendirmelere sezewar eder. Bu ýagdaý Eýranyň gaçakçylyk hereketleriniň öňüni almak hem-de bank we maliýe operasiýalaryny gözegçilige almak boýunça täze sistemany ýola goýar” diýip, ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama aýtdy.
BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşindäki ABŞ-nyň wekili Suzan Raýs bu ses berişlikden soň eden çykyşynda Howpsuzlyk Geňeşiniň tassyklan bu kararynyň Eýran tarapyndan halkara jemgýyetçiligine abanýan howpa garşy ýiti jogap bolanlygyny belläp geçdi.
“Biz şu tapgyra geldip ýetdik. Muňa Halkara atom energiýasy gullugyna degişli jogapkärçiliklerini we Geňeşiň rezolýusiýalaryny Eýranyň aç-açan bozmagy sebäp boldy. Ýadro ýaraglaryň ýaýradylmagynyň öňüni almak we urany baýlaşdyrmagy bes etmek barada halkara jemgýyetçiliginiň yzygiderli talap etmegine garamazdan, Eýran bu hereketlerini goýbolsun etmedi” diýip, Suzan Raýs aýtdy.
Diplomatiýanyň gapysy açyk
Eýrana garşy täze ykdysady sanksiýalaryň tassyklanmagy Eýranyň halkara ylalaşyklara boýun bolmaýandygyny halkara jemgyýetçiligine düşündirmek boýunça Ak tamyň ýeňişi hökmünde alamatlandy.
Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejad sişenbe güni eden çykyşynda bu rezolýusiýa tassyklanan halatynda Eýranyň mundan beýläk ýadro programmasy boýunça gepleşiklere gatnaşmagy ret etjekdigini duýdurypdy.
Emma Obama “her bir hereketiň öz netijesiniň bolýandygyny” aýdyp, Eýran entek hem başga ýoly saýlap biler diýdi.
“Eýranyň hökümetiniň birdenkä öz hereketlerini üýtgetmejegini bilýäris. Emma şu günki ses berişlik Eýranyň öz diýenine tutmagynyň barha agyr netijelere getirýändigini görkezýär” diýip, Obama aýtdy. “Men açyk aýtmak isleýärin: bu sanksiýalar diplomatiýanyň gapysyny ýapanok. Eýranyň entek hem başga we has gowy ýoly saýlamaga mümkinçiligi bar”.
Emma BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde bu rezolýusiýa garşy ses beren Türkiýäniň Daşary işler ministrligi bu soňky sanksiýalaryň Eýranyň ýadro programmasy bilen baglanyşykly dawalary diplomatik ýollar bilen çözmek mümkinçiliklerini has-da azaldýandygyny aýdyp, çykyş etdi.
9-njy iýunda tassyklanan rezolýusiýa Eýrana garşy berk ykdysady çäreleri öz içine alýar. Olaryň arasynda Eýrana dikuçarlaryň we tanklaryň eksport edilmegini gadagan edýän maddalar hem bar.
Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejat düýn Täjigistanyň paýtagty Duşenbede bu waka bilen bagly eden çykyşynda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň kabul eden sanksiýalaryny Eýranyň halky üçin «nähak şarpyk» bir waka diýip häsiýetlendirdi.