Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen gulluklary hukuk goraýjynyň ýakynlaryna basyş edýär


Düýbi Wenada ýerleşýän ynsan hukuklaryny goraýjy Türkmen Inisiatiwasy toparynyň başlygy Farid Tuhbatullin Türkmenistanyň howpsuzlyk gulluklarynyň öz maşgala agzalaryny yzarlamaklaryny güýçlendirendiklerini aýdyp, beýanat ýaýratdy.

Bu beýanatda Farid Tuhbatullin özüniň Waşingtondaky «Demokratiýa baradaky milli fonduň» ofisinde 4-nji iýunda Türkmenistandaky syýasy ýagdaýlar barada ýörite hasabat bilen çykyş etmeginiň ertesi güni Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň Daşoguz welaýaty boýunça müdirliginiň işgärleriniň öz maşgalasy bilen baglanyşykly sorag işlerini geçirip başlandyklaryny aýdýar.

Tuhbatulliniň aýtmagyna görä, Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri onuň ogullarynyň okan mekdeplerine baryp, olaryň ozalky dostlary we olary okadan mugallymlar baradaky maglumatlar bilen gyzyklanypdyrlar.

Farid Tuhbatullin öz beýanatynda howpsuzlyk gulluklarynyň ýola goýan bu çäreleriniň öz maşgala agzalaryna we dost-ýarlaryna basyş görkezmek maksady bilen ýola goýlan çäre diýip hasaplaýandygyny belleýär.

Tuhbatullin kämillik ýaşyna ýeten öz iki oglunyň ikisiniňem häzirki wagt özi bilen Awstriýanyň paýtagty Wenada ýaşaýandyklaryny, ýöne muňa garamazdan, öz ogullarynyň we Türkmenistandaky dogan-garyndaşlarynyň howpsuzlyk ýagdaýyndan alada edýändigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG