Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran Saýlawyň ýyl dönüminde 91 adam tussag edildi


Eýranyň ISNA habar gullugy şenbe güni, ýurduň dawaly prezident saýlawynyň bir ýyllygynda 91 adamyň tussag astyna alnandygyny aýtdy.

Bu saýlaw ýurtda 1979-njy ýylyň Yslam rewolýusiýasyndan bäri bolan iň uly sosial gozgalaňa getirdi.

Tähran welaýatynyň gubernatory Morteza Tamoddon tussag edilenleriň käbiriniň bikanun diýip yglan edilen Halk mujahetdinleri topary bilen ilteşiklilikde güman edilýändigini aýtdy.

Polisiýanyň başlygy tussag edilen 91 adamyň işleriniň suda iberilendigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG