Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbek-täjik demir ýol gatnawy ýapylýar


Özbegistanyň döwlete degişli demir ýol kompaniýasy ýurduň Termez şäherinden Täjigistanyň Halton welaýatyna barýan demir ýol gatnawyny togtatjakdygyny mälim etdi. Bu baradaky hatyň täjik tarapyna ýollanandygy habar berilýär.

Özbek tarapy uzaklygy 44 kilometre barabar bu ýoluň girdeji getirmeýändigini aýdyp, ony saklamaga mümkinçilikleriniň ýokdugyny öňe sürdi.

Täjik tarapy bolsa ýoluň ykdysady taýdan amatly däldigine garamazdan, onuň açyklygyna galmagyny isleýändigini, bu demir ýol gatnawynyň çykdajylaryny öz üstüne almaga taýýardygyny aýtdy. Bu barada Täjik demir ýollarynyň başlygynyň orunbasary Andreý Tropin habar berdi.

Täjik resmileriniň aýtmaklaryna görä, iki ýurduň arasynda “demir ýol” dawasynyň döremegine özbek häkimiýetleriniň Täjigistanda Rogun gidroelektro stansiýasynyň gurluşygyna garşy çykmagy sebäp boldy.
XS
SM
MD
LG