Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Demirgazyk Koreýa harby aksiýa bilen haýbat atýar


Eger BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi Günorta Koreýanyň “Çhonan” harby gämisine hüjüm edendir diýen güman bilen ýazgarsa, harby aksiýa bilen jogap berjekdigini Demirgazyk Koreýa duýdurdy.

Demirgazyk Koreýanyň BMG-däki wekili Sin Son Ho “Phenýany ýazgaryjy dokument kabul edilse, biziň ýaragly güýçlerimiziň aýgytly çäreleri peýda bolar” diýdi.

Demirgazyk Koreýanyň diplomaty “Çhonan” gämisiniň heläk bolmagy bilen bagly geçirilen derňewleriň netijeleriniň galplaşdyrylmagynda Günorta Korpeýany ýene bir gezek aýyplady.

Howpsuzlyk Geňeşine ýüz tutan Seul gämini Demirgazyk Koreýanyň torpedasynyň ýa minasynyň ýarandygyny tassyklaýar.

26-njy martda Sary deňizde bolan wakada günorta koreýaly 46 harby deňizçi heläk bolupdy.
XS
SM
MD
LG