Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Paýtagta täze taksiler geldi


Aşgabatda «Hyundai» awtoulag kärhanasynyň awtobuslary hem jemgyýetçilik transporty hökmünde ulanylýar.
Aşgabatda «Hyundai» awtoulag kärhanasynyň awtobuslary hem jemgyýetçilik transporty hökmünde ulanylýar.

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Aşgabatdaky taksomotor awtoulag kärhanasyna Günorta Koreýanyň «Hyundai» awtoulag kärhanasynyň “Elantra” kysymly awtoulaglarynyň 300 sanysy geldi. Bu ulaglar taksi hyzmatlary üçin ulanylar.

Şunça mukdardaky taksileriň taksomotor awtoulag kärhanasyna gelmegine ýene-de garaşylýar. Täze getirilen taksiler 1-nji iýuldan başlap paýtagtyň ýaşaýjylaryna hem-de onuň myhmanlaryna gije-gündiz hyzmat eder.

Gyssagly ýagdaýda sürüjiler zerur

"Hyundai Elantra"
Täze taksiler heniz getirilmänkä, Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi bir aýlap ýurduň metbugatynda taksiler üçin sürüjileri işe alýandygy barada bildiriş berip başlady. Şeýle bildirişler metbugatda häli-häzirem çap edilip dur. Ýöne muňa garamazdan, paýtagtdaky taksomotor awtoulag kärhanasyna ýeterlik mukdarda sürüjiler ýygnanyberenok.

Munuň ilkinji sebäbi taksomotor awtoulag kärhanasynyň sürüjä bildirýän talaplarydyr. Taksi sürüjisi bolmak üçin hökmany suratda işe girmäge höwes bildirýäniň pesinden «BC» kategoriýasy bolmalydyr. «BC» kategoriýa bolsa köp sürüjilerde ýok.

Işe girmek isleýänleriň ýaşy 21-den kiçi bolmaly däl. Özi hem ol raýatlar Aşgabat şäherinde ýa-da paýtagtyň eteklerinde ýaşaýan bolmaly.

Mundan başga-da, taksist bolup işe duran sürüjiler ýörite plan tabşyrmalydyrlar. Ýöne paýtagtda hususy maşynlarynda kireý edýän kireýkeşleriň köplüginden ýaňa, taksistler bir günüň dowamynda özlerine berilýän plany gaty kynlyk bilen dolýarlar.

Ine, şu goýulýan şertler täze taksilerde sürüjileriň çalt depginde tapylybermezligine esas döredýär.

Täze taksileriň gelmegi kireýkeşleri alada goýýar

Paýtagtda ýerleşýän döwlet eýeçiligindäki taksomotor awtoulag kärhanasyna täze taksileriň köp mukdarda getirilmegi hususy maşynlarynda kireý edýän sürüjileri gaty alada goýýar.

Resmi ýagdaýda hususy maşynlarda kireý etmäge gadagançylyk girizmek hakda hiç hili gürrüňiň ýokdugyna garamazdan, kireýkeşler dowla düşýärler. Olar öz aralarynda basym kireý etmäge rugsat berýän patentleriniň ellerinden alynmagynyň mümkinligi barada gürrüň edýärler.

Taksomotor awtoulag kärhanasyna täze taksileriň gelmegi diňe bir kireýkeşleri däl, eýsem paýtagtyň ýaşaýjylaryny-da azda-kände ünjä goýýar. Sebäbi taksomotor awtoulag kärhanasyna degişli taksileriň ýörite bellenen nyrhy bolýar. Olaryň nyrhy bolsa hususy awtoulagynda kireý edýänleriňkä garanyňda has galadyr.

Häzirki wagta çenli Aşgabatdaky taksomotor awtoulag kärhanasynda bar bolan «Renault» kysymly taksileriň diňe ýörite zakaz üçin işlemeginiň düýp sebäbi hem paýtagtly ýolagçylaryň ol taksilere tarifleriniň gymmatlygy zerarly münmeýänligi üçindir.

Eger-de täze taksileriň tarifi öňki ýagdaýdaky ýaly ýokarylygyna galdyryljak bolsa, onda hususy kireýkeşlere belli bir çäklendirmeleriň girizilmegine garaşyp bolar.

Şu ýylyň ýanwar aýynda Günorta Koreýanyň «Hyundai» korporasiýasyndan 300 sany “Elantra” kysymly awtoulaglary satyn almaga Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligine resmi ygtyýar berlipdi.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
XS
SM
MD
LG