Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran-Türkiýe: Bu günki dostlar ýa-da ertirki basdaşlar


Eýranyň prezidenti Mahmut Ahmedinejad (çepde) we Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdogan Tähranda, 17-nji maý, 2010-njy ýyl.
Eýranyň prezidenti Mahmut Ahmedinejad (çepde) we Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdogan Tähranda, 17-nji maý, 2010-njy ýyl.
Türkiýe – dünýewi, Günbatara ýykgyn edýän ýurt. Ol NATO-nyň hem möhüm agzasy. Ýardro programmasy, geosyýasy ambisiýalary halkara düzgünleriniň dos-dogry garşysyna gönükdirilen Eýran bolsa – jenjelçi teokratik döwlet. Onsoň Günbatar syýasatçylarynyň bu ikisiniň dostlugyny bökdemegi arzuw etmegi geň zat däl.

Türkiýäniň premýer-ministr Rejep Taýyp Erdoganyň öten aý Tähranda ýadro ýangyjy baradaky şertnama gol çekişmegi halkara jemgyýetçiliginde Türkiýe Günbatardan ýüz öwrüp, Orta Gündogardaky musulman goňşulary bilen ýakyn ýaranlyga ymtylýar diýen şübhäni güýçlendirdi.

Iki ýurduň arasynda dostluga, gülläp ösýän söwda gatnaşyklaryna seredeniňde, 1979-njy ýylda bolan Yslam rewolýusiýasyndan soň döräp, ikitaraplaýyn gatnaşyklarda ençeme ýyllap dowam eden özara şübheler geçmişde galana meňzeýär.

Hemmeler bir pikirde däl

Ýöne hemmeler bu gatnaşyga beýle baha berenok. Eýranda doglan ysraýylly anlizçi Meir Jawedanfaryň pikirine görä, Türkiýäniň Orta Gündogara gönükdirilen täze daşary syýasatyna Tähran başgaça garap biler. Ýagny, ol muny özüniň yslam dünýäsine agalyk ediji güýje öwrülmek baradaky arzuwlaryna abanýan howp diýip düşünip biler.

“Bu ýurtlaryň ikisi-de yslam dünýäsine ýolbaşçylyk ugrunda dalaş edýär. Eýranlylaryň özlerine birigen ýurtlara hödürlemäge birgiden ykdysady hem syýasy artykmaçlyklary bar. Türkleriň artykmaçlyklary bolsa Eýranyňkydan ýokary” diýip, Jawedanfar aýdýar.

Bu çaklama dogry bolsa, onda Günbatar ýeňillik bilen dem alybermeli. Ýöne Jawedanfar Türkiýe-Eýran bäsdeşliginiň täzelenmegi Eýran ýolbaşçylarynyň atom ýaragyny edinmek baradaky tagallarlaryny güýçlendirer diýip, iňkis edýär.

“Gezek ykdysady güýje, harby güýje, diplomatik tutuma gelende Eýran Türkiýeden asgyn. Onsoň olar özleriniň üstün taraplaryna, türklerden öňe çykyp biljek ugurlaryna serederler. Bu ugurlar hem köp däl. Olaryň biri ýadro prorammasy. Türkiýe atom ýaragly ýurt däl. Şol sebäpden Tähran öz bäsdeşi türklerden üstün çykmak üçin ýadro ýaragly güýç bolmak üçin tagalla baryny eder” diýip, Jawedanfar aýdýar.

Eýran Türkiýeden şübheli

Eýran yslam respbulikasynyň Türkiýä şübheli garamagynyň uzak taryhy bar. 2005-nji ýylda “Rewolýusiýa sakçylary” howpsuzlyk meselesini delil edinip, täze gurlan ymam Homeýni adyndak uçarlar meýdanyny ýapdylar. Sebäbi ony işletmek kontrakty bir türk kompaniýasyna berlipdi. Bu kontrakt ýatyrylyp, iş hukugy Eýran kompaniýasyna geçirilensoň, agzalan uçar meýdany täzeden açyldy. Şol ýyl ýene iki milliard dollarlyk şertnama Türkiýäniň mobil telefon operatory “Türkcell” kompaniýasyndan alnyp, bir hususy eýran kärhanasyna berildi.

Türkiýeli syýasy analizçi, Stamulda ýerleşýän TASAM merkeziniň başlygynyň orunbasary Murat Bilhan: “Eýranyň günbatar goňşusy baradaky yzygiderli ynjalyksyzlygyny ýaňy onuň Birleşen Ştatlar bilen gatnaşygynda araçylyk etmek barada Ankaranyň eden teklibinden ýüz öwürmegi-de görkezdi” diýýär. Onuň pikiriçe, Türkiýäniň atom ýangyjy boýunça eden teklibini-de, Eýranyň arada Braziliýa duransoň, kabul eden bolmagy ahmal.

“Eýran özüni Günbatar ilteşiginden çetde görýär. Sebabi bu Türkiýäniň elinde. Olarda bäsdeşlik duýgusy bar. Bäsdeşler hökmünde Eýran Türkiýäniň özünden güýçli bolmagyny islänok. Eýrandaky döwlet adamlaryndaky, syýasy karar çykarýanlardaky duýgy şundan ybarat. Türkiýe olar üçin howp däl, diňe oňuşmaly goňşy. Problema döretmeli däl, ýöne özüňden ozmagyna ýol hem bermeli däl” diýip, Bilhan aýdýar.
XS
SM
MD
LG