Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň prezidenti Medwedew ABŞ-a sapar edýär


ABŞ-a baran Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew saparyna Kaliforniýadan başlady.

Ol Kremniý jülgesinde Orsyetiň “Ýandeks” kompaniýasynyň Twitter, Apple we beýleki kompaniýalardaky bölümlerine baryp gördi.

Orsýetiň prezidenti şu gün Stanford uniwersitetinde eden çykyşynda ikinji möhlet prezidentlige dalaş etmeginiň mümkindigini aradan aýrymady.

Ondan soň Waşingtona gelip, ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama bilen gepleşikler geçirer, ondan soň iki lider G-20 sammitine gatnaşmak üçin Kanadanyň Toronto şäherine uçar.
XS
SM
MD
LG