Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HWF Türkmenistanda ykdysady ösüşiň bolandygyny çaklaýar


Halkara walýuta fondy Türkmenistanda ykdysady ösüşiň bolandygyny çaklaýar. Bu barada fonduň 29-njy iýunda ýaýradan metbugat beýanatynda bellenýär.

Beýanatda 2009-njy ýylda dünýä ykdysadyýetinde kynçylyklaryň ýüze çykandygyna garamazdan Türkmenistanda ykdysady ösüşiň bolandygy aýdylýar. Bu ösüşe ýurduň maliýe hem salgyt-býujet pudaklarynda geçirilen reformalaryň öňyn täsir edendigi nygtalýar. Ýurtda inflýasiýanyň derjesiniň pes bolandygy hem aýdylýar.

2010-njy ýylda dünýa bazarynda tebigy gaza bolan talabyň ýokarlanmagy hem-de Türkmenistanyň eksport edýän tebigy gazynyň möçberiniň artmagy ýurduň ykdysady ösüşiniň dowam etjekdigini, býujetiň girdejisiniň çykdajysyndan köp boljakdygyny çaklamaga esas döredýär diýlip, beýanatda bellenýär.

Beýanatda HWF-niň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyny dowam etdirjekdigi hem-de Türkmenistanda makroykdysady dollandyryşy kämilleşdirmek, maliýe pudagyndaky reformalary dowam etdirmek, hususy pudagyň ösmegini gazanmak ugurunda edilýän tagallalary goldaýandygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG