Anna güni Gyrgyzystanda täze Konstitusiýa güýje girizildi.
27-nji iýunda geçen referendumyň ahyrky netijeleri resmi taýdan yglan edilende, Baş kanuny saýlawçylaryň 90,5%-niň goldandygy aýdyldy. Saýlawçylaryň ses bermäge gatnaşygy 72%-den gowrak bolupdyr.
Bu Konstitusiýa ýurdy prezident dolandyrylyşyndan, parlament respublikasyna geçirýär. Geçiş döwründe 2011-nji ýyla çenli ýurduň prezidenti, häzirki wagtlaýyn hökümetiň başlygy Roza Otunbaýewa bolýar.
2-nji iýulda Merkezi Saýlaw komissiýasynyň başlygy Akylbek Saryýew şeýle diýdi: “Roza Otunbaýewa Gyrgyzystan respublikasynyň prezidenti hökmünde hasaba alynýar. Oňa prezidentlik şahadatnamasy hem nyşan, şeýle-de gyrgyz respublikasynyň prezidentiniň tugy gowşurylýar”.
Otunbaýewa wezipä resmi suratda 3-nji iýuldan başlaýar.