Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nazarbaýew prezident bolup galmaga razy diýýär


Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew ýekşenbe güni Orsýetiň «Westi» telekanalynda beren interwýusynda özüniň ýene bir on ýyl prezident bolup galmakçydygyny aýtdy.

6-njy iýulda 70 ýaşaýan Nazarbaýew özüniň 2020-nji ýyla çenli senagat we täzeçillik programmalarynyň amala aşyrylyşyny görmek isleýändigini, şonda Gazagystanyň zähmet önümçiliginiň iki esse artjagany we ykdysadyýetiniň 50 prosent ösjegini aýtdy.

Nazarbaýew adamlar özüne şu günki ýaly näçe uzak ynam bildirse we ösüşe böwet bolmasa, şonça uzak häkimiet başynda galjagyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG