Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Içalyçylyk halkasynyň 12-nji agzasynyň derňewi dowam edýär


Amerikan metbugaty häkimiýetleriň Sowuk urşy döwrüniň içalyçylyk halkasyna çalymdaş rus içalylar toparyna degişli 12-nji adamy tutup saklaýandyklaryny aýdýar.

“The Wall Street Journal” şu gün bu iş bilen tanyş amerikan resmisine salgylanyp, Federal derňew gullugynyň aňtawa garşy agentleriniň geçen güýzden bäri 23 ýaşly rus adamsyny derňeýändiklerini ýazdy.

Bu habar Birleşen Ştatlaryň günbatar üçin içalylyçylyk etmekde aýyplanan dört adamyň boşadylmagynyň ýerine 10 rus agentini yzyna iberenden dört gün soň çykdy.

Bu toparyň 11-nji agzasy Kiprde tutulyp, girew astynda azytlyga goýberilenden soň ýitirim bolupdy.
XS
SM
MD
LG