Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýolbaşçylar dynç alýarlar


Geçen hepdäniň anna güni geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň ähli ministrlikleriniň, edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylaryna bir hepde rugsat beripdi.

Türkmen ýolbaşçylarynyň, özleriniň aýdyşlary ýaly, gijesini-gündiz edip, hiç bir dynç-günsüz işlemek prinsipi ýurduň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazowdan galan endikdir. Türkmenistan öz garaşsyzlygyny alandan soň, Nyýazow ýolbaşçylara berilýän zähmet rugsadyny kesipdi.

Türkmenistanyň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň permanlarydyr kararlary bilen bellenilýän ähli ýolbaşçylar, adaty işgärler ýaly, her ýyldaky bir aýlyk zähmet rugsadyna çykmakdan mahrumdylar.

Ýöne Nyýazow aradan çykmazyndan iki ýyl öň golastyndaky ýolbaşçylara bir hepdejik dynç almaga rugsat berip başlapdy. Şol bir hepdelik dynç alşa Nyýazowyň özi hem çykýardy we deňziň kenaryna giderdi.

Ýurduň ýolbaşçylaryna ýylda bir hepde dynç almaga rugsat bermek prinsipi prezident Berdimuhamedow tarapyndan hem dowam etdirilýär. Türkmen ýolbaşçylary bir hepdelik rugsada tomsuň ortaky aýynda goýberilýär.

Her kim birhili geçirýär

Mejlisiň başlygy A.Nurberdiýewa (sagda) we wise-premýer M.Ýazmuhammedowa Hazaryň kenarynda, 16-njy iýul.
Şu ýyl Berdimuhamedow ýurduň edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylaryna 11-nji iýuldan 18-nji iýula çenli dynç almaga rugsat berdi. Ýöne, dynç alşy her ýolbaşçy birhili geçirýär. Käbir edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, bir hepdelik Awaza gitse, beýlekisi Baýramaly, Arçman kurortlaryna gidýär.

Emma käbir ýolbaşçylar bolsa, öýlerinde galyp, irden hem-de agşamlaryna işinden habar tutup durýarlar. Olaryň arasynda hatda öýüne gitmän, edarasynda galýanlaram bar.

Ýurduň beýleki edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary bilen bir hatarda Türkmenistanyň prezidenti Berdimuhamedow hem dynç alýar. Prezidentiň adaty raýatlar ýaly dynç alşy ýurduň mediasy tarapyndan aldygyna wagyz edilýär.

Türkmen mediasynyň habarlarynda Berdimuhamedowyň Awazada dynç alýan döwrüniň nusgalyk göreldä eýedigi barada aýdylýar.

Ýurduň telewideniýesi prezidentiň öz egindeşleri bilen sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyşyny tomaşaçylara görkezip, döwlet baştutanynyň özüniň boş wagtynda sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýändigini habar berýär.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy
XS
SM
MD
LG