Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝHHG Gyrgyzystana polisiýa missiýasyny tassyklap bilmedi


ÝHHG guramasy ýekşenbe güni ol ýerde bolan ganly etniki çaknyşyklardan soň Gyrgyzystana halkara polisiýa missiýasyny ibermegi tassyklap bilmedi.

56 agzaly Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň ministrleri Almatynyň golaýyndaky Akbulak kurortunda iki günläp maslahat etdiler. Olar gyrgyz lideri Roza Otunbaýewanyň talaby esasynda Gyrgyzystana halkara polisiýasyny ibermek barada maslahat etdiler, emma bu çäräniň anyk wagtyny kesgitlemegi başarmadylar.

ÝHHG-niň başlygy Gazagystan, Birleşen Ştatlaryň, Germaniýanyň, Fransiýanyň we beýleki köp ýurtlaryň ýokary derejeli resmileri Gyrgyzystana halkara polisiýasyny ibermegiň arkasyny tutdy.
XS
SM
MD
LG