Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

AIDS Gündogar Ýewropa, Merkezi Aziýa çalt ýaýraýar


Şu gün Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Fondy Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa regionlarynda AIDS keseliniň ýaýraýyş depgininiň has-da artandygyndan alada bildirip, beýanat ýaýratdy.

ÝUNICEF guramasy öz beýanatynda bu howply keseliň bu regionlarda artmagynyn, esasan, neşekeşlik we goragsyz jynsy gatnaşyklar ýaly sebäpler bilen baglanyşyklydygyny öňe sürýär.

Bu gurama HIV we AIDS keseline ýolugan çagalary bejermek meselesinde ilat arasynda bar bolan sosial gorkynyň we gysyşlaryň bu meseläni has-da kynlaşdyrýandygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG