Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Beýik Britaniýanyň premýer-ministri ABŞ-a barýar


Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kameron britan hökümetiniň başlygy hökmünde ilkinji sapar bilen ABŞ-a barýar.

Ak Tamyň maglumatyna görä, gepleşikleriň baş temasy Owganystanyň töweregindäki ýagdaý bolar.

Synçylar Kameronyň ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama bilen gepleşiklerinde British Petroleum kompaniýasyna degişli skwažinadan Meksika aýlagyna nebitiň syzmagy bilen bagly meseläniň gozgaljagyny çaklaýarlar.

Şotlandiýanyň ýokarsynda amerikan uçaryny partladandygy üçin ömürlik türme tussaglygyna höküm edilen hem geçen ýyl azatlyga çykarylan liwiýaly al-Megrahy meselesiniň-de gepleşiklerde gozgalmagy mümkin.

Liwiýaly agent şotland häkimiýetleri tarapyndan geçen ýyl boşadylypdy. Onuň ölüm haldaky hassadygy, gününiň sanalgydygy tassyklanýardy, ýöne ol häzirem diri.

Ondanam başga habar serişdelerinde al-Megrahynyň azatlyga çykarylmagyny Liwiýadaky öz bähbitleri bilen bagly British Petroleum gazandy diýen maglumatlar peýda boldy.

Deýwid Kameron düýn BBC telekanalyna beren interwýusynda onuň azat edilmegini “ýalňyşlyk” diýip atlandyrdy.
XS
SM
MD
LG