Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fransuz raýaty Sahara çöllüginde öldürildi


Şu gün Fransiýanyň prezidenti Nikolas Sarkozi 78 ýaşly fransuz raýaty Mihel Germaneunyň Afrikanyň Sahara çöllüginde Al-Kaýda guramasyna degişli bir ýaragly topar tarapyndan alnyp gaçylyp, öldürilendigini tassyklady.

Şu gün bu waka bilen bagly gyssagly geçirilen hökümet maslahatynda prezident Sarkozi demirgazyk Malide amala aşyrylan bu kast edişlik üçin Fransiýanyň talabalaýyk gaýtawul jogabyny berjekdigini aýtdy.

Maglumata gorä, fransuz raýaty Mihel Germaneu 24-nji iýulda öldürilipdir.
XS
SM
MD
LG