Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistandaky ýagynda 400 adam heläk boldy


Pakistanda soňky üç gün bäri dowam edýän ýagynlar zerarly heläk bolan adamlaryň sany 400-e ýetdi.

Pakistanyň Haýbar Pahtunhwa atly welaýatynyň ýokary derejeli wekili Başir Ahmet Blor diňe şol welaýatda ölenleriň sanynyň 136 adama ýetendigini we öýlerini terk etmäge mejbur bolan ýaşaýjylaryň sanynyň 30 müňden gowrakdygyny aýtdy.

Bu ýagyndan zyýan çeken etraplardan biri hem Kaşmiriň Pakistan tarapyndan gözegçilik edilýän bölegi bolup, şol regionda azyndan 22 adamyň heläk bolandygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG