Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Telekeçilige ýene üns sowuldy


Prezident G.Berdimuhamedow «Bereketli» hususy kärhanasynda, 29-njy iýul.
Prezident G.Berdimuhamedow «Bereketli» hususy kärhanasynda, 29-njy iýul.

29-njy iýulda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Bereketli» hem-de «Aýbölek» hususy kärhanalaryna baryp gördi.

«Hususy telekeçiligi ählitaraplaýyn goldamak ykdysadyýetiň esasy ileri tutulýan ugry bolar» diýip, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2008-nji ýylda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň hususy telekeçiligi ösdürmek bilen bagly meselelere garan mejlisinde aýdypdy.

Şu günki gün Türkmenistanda umumy öndürilýän önümiň 40 prosente golaýynyň döwlete degişli däl sektor tarapyndan ödürilýändigini bellemelidigi, 2020-nji ýyla çenli bolsa umumy öndürilýän önümiň 70 prosente golaýynyň döwlete degişli däl sektorda öndüriljekdigi hakda resmi maglumatlarda habar berlipdi.

Hususy telekeçiligi ösdürmek bazar ykdysadyýetiniň möhüm şertleriniň biri. Hususy telekeçilige giň ýol açylýarmy — diýmek, ýurt bazar ykdysadyýetine geçmäge tarap ugur alypdyr.

2008-nji ýylda Türkmenistanyň prezidenti telekeçilere karz pul berer ýaly, birnäçe türkmen banklaryny borçly edip, Karara gol hem çekdi. Telekeçileriň öndürýän harytlarynyň giň assortimentli sergisi hem geçirildi. Şondan bäri telekeçileriň öndürýän önümleriniň sergileri her ýyl geçirilip durulýar.

Dünýäniň ähli ýerinde telekeçilik ulgamy ykdysadyýetiň möhüm bölegi bolup durýar. Telekeçilik her bir ýurtda amala aşyrylýan uly özgertmeleriň esasy hereketlendirijisidir, döwleti durnukly we yzygiderli ösdürmegiň özboluşly tebigy şertidir.

Telekeçiligiň ösmegi ilatyň iş bilen üpjün edilişine-de giň ýol açýar. Halkyň girdejisiniň ösmegine kömek edýär. Netijede bolsa, islendik ýurduň ilatynyň ýaşaýyş derejesiniň görkezijisi hasaplanýan orta gatlagyň ösmegine we örüsini giňeltmegine giň mümkinçilik açylýar.

Bu zatlardan çen tutup aýtsaň, telekeçilige giň ýol açylmagy — halka tarap açylan bagt ýoly bolup durýar. «Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakyndaky» Türkmenistanyň Kanuny we döwlet Baştutanynyň Kararlarynyň birnäçesi bilen bu ulgamda has amatly ýagdaýy döretmek üpjün edilýär» diýlip, resmi maglumatlarda aýdylýar.

«Bereketli»

«Bereketli» hususy kärhanasy üç gatdan ybarat, Ýewropanyň ösen döwletleriniň derejesinde kärhana jaýyny salypdyr. Bu kärhanada 150-den gowrak iş orny döredilipdir hem-de onda işleýänleriň köpüsi Ýewropa ýurtlarynda taýýarlyk okuwlaryny geçen, ýokary hünärli hünärmenler. Olar kompýuterleşdirilen tehnologiki desgalaryň pultunyň başynda durýarlar.

«Bereketli» hususy kärhanasy
Kärhanada işgärler üçin naharhana, dynç alyş otagy we saglygy goraýyş nokady, duş otaglary bar. Işgärleriň ählisi kärhananyň hasabyna ýörite iş eşikleri, işe äkidip-getirmek üçin awtoulag we iki wagtyna nahar bilen üpjün edilýär. Kärhanadaky refrižeratorlardyr sowadyjy enjamlarda bäş ýüz tonna çenli et saklap bolýar.

«Bereketli» hususy kärhanasynyň Abadan şäherindäki täze sehleri her gün bäş tonnadan gowrak kolbasa we et önümlerini öndürýär. Bu kärhananyň et önümlerini öndürijilik kuwwaty bir ýylda 1800 tonna barabardyr. Kärhanada alty seh işleýär. Ol sehlerde kolbasalaryň dürli görnüşleri we çaý öndürilýär.

Ahal welaýatynyň Abadan şäherinde ýerleşýän «Bereketli» hususy kärhanasynyň işine syn salmak üçin 29-njy iýul güni ol ýere Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen birlikde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agzalary ýygnandylar. Ýeňillikli karzyň hasabyna bu ýerde giň sehler gurlupdyr, Ýewropanyň iri öndürijileriniň iň döwrebap enjamlary satyn alnypdyr we ornaşdyrylypdyr.

«Şunuň ýaly döwrebap, halkara satandartlarynyň derejesindäki ýokary hilli önümleri öndürýän önümçiligiň işe girizilmegi türkmen telekeçileriniň artýan mümkinçiliklerine, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň döwlete degişli däl pudagynda bar bolan ägirt uly mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär» diýip, Türkmenistanyň prezidenti ol ýerde eden çykyşynda aýtdy.

«Aýbölek» mebel fabrigi

Şol gün «Bereketli» hususy kärhanasynyň işine syn edenler Aşgabat şäheriniň günorta-gündogar böleginde ýerleşýän ýene bir hususy kärhana bolan — «Aýbölek» mebel fabrigine hem baryp gördüler.

Bu ýerdäki stanoklaryň we enjamlaryň her biri kompýuterleşdirilipdir we köpçülikleýin önümçilige niýetlenipdir. Bu fabrikde her günde önümleriň ýüzlerçesini çykarmaga ukyply üznüksiz liniýa döredilipdir. Häzir fabrikde onlarça adamyň işleýändigi, geljekde olaryň sanynyň 150-ä ýetiriljekdigi fabrik hakdaky maglumatlarda aýdylýar.

Prezident Berdimuhamedow "Aýbölek" hususy kärhanasynda, 29-njy iýul.
Täze mebel fabriginiň hususy telekeçiligi goldamagyň döwlet maksatnamasynyň çäklerinde gurlandygy, onuň ýeňillikli karz serişdeleriniň hasabyna ýokary hilli enjamlar bilen üpjün edilendigi resmi maglumatlarda aýdylýar.

Fabrigiň öndürýän önümleri örän köpdürli. Olar üçin materiallar Ýewropadan getirilýär. Fabrikde «Holzma» nemes kompaniýasynyň mebel kesiji stanogynyň dünýädäki iň iri modifikasiýasy bar. Bu kuwwatly maşyn kompýuter programmasyna laýyklykda işleýär.

Panelleriň daşyna ýörite owadan we berk örtükleri örtýän maşyn-da, mebelleriň ýüzüne owadan şekilleri çekýän maşyn-da Germaniýadan getirilipdir. Mebellere petleleri, tutawaçlary, gulplary goýýan maşyn bolsa Italiýadan getirilipdir.

Bu kärhana diwar mebellerini, gapyda goýulýan mebelleri, şkaflary, ýatylýan we çagalar otaglary üçin garniturlary, myhmanhanalar üçin mebelleri, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda gurulýan täze desgalar üçin zerur bolan önümleri öndürýär.

Saglygy goraýyş we bilim edaralarynyň we harby toplumyň kärhanalarynyň hajatlary üçin metal karkaslardaky mebeller hem «Aýbölek» hususy kärhanasynda öndüriler. Naharhana we kompýuter stollary, mekdep partalary we döwlet edaralarynyň hem-de ilatyň arasynda uly islegden peýdalanylýan mebeller şu kärhanada öndüriler. Berdimuhamedow fabrigiň işgärlerine mebelleriň dizaýn işlerinde milli äheňleri saklamagy maslahat berdi.

Çöwre tarapy

Bu agzalyp geçilen hususy kärhanalar hakda telewideniýede berilýän maglumatlara syn salsaň, Türkmenistanda telekeçilik işi rowaç alyp gidip barýan ýaly. Ýöne bir tarapdan hem «Şu iki kärhananyň eýelerindäki ýaly mümkinçilik, ýagny — dünýä standartyndaky ofisleri gurmaga hem-de Ýewropa döwletlerinden iň gymmat, iň häzirkizaman enjamlaryny getirip hususy kärhana açmak mümkinçiligi, bu zatlar üçin sarp ediljek ummasyz puly türkmen banklaryndan alyp bilmek mümkinçiligi beýleki — telekeçilik bilen meşgullanmagy arzuw edýän adamlarda hem bolup bilermi?» diýen sowal döreýär.

Bu iki hususy kärhananyň işläp başlamagy üçin diňe banklaryň ýeňillikli karzlary däl-de, döwlet tarapyndan has uly goldaw bar ýaly bolup görünýär. Ýerli synçylaryň pikiriçe, «Türkmenistanda bazar ykdysadyýetine geçilýär, telekeçilik ýola düşýär» diýdirmek üçin şeýle perde örtünmegiň hem gerek bolmagy mümkin.

Telekeçilige rugsat berlenine ýaňy iki ýyl boldy. Iki ýylda bir telekeçiniň diňe öz zähmeti bilen munça üstünlige ýetip bilmegi hem “adaty bolmadyk üstünlik” hasaplanýar. Synçylaryň aýtmagyna görä, korrupsiýanyň ösen ýurtlarynda hususy kärhanalaryň üsti bilen hem para-peşgeş, aňsat gazanç oýnuny oýnap bolýan bolmagy mümkin.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
XS
SM
MD
LG