Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda “Altyn asyr” tamamlandy


«Ahal» ösümlik ýag kärhanasynyň öndürýän ýagy Baýramalynyň ýag kombinatynyň öndürýän «Ak pamyk» ýagyndan has arassa, owadan görünýär.
«Ahal» ösümlik ýag kärhanasynyň öndürýän ýagy Baýramalynyň ýag kombinatynyň öndürýän «Ak pamyk» ýagyndan has arassa, owadan görünýär.

Nyýazowyň hökümeti ýigrimi birinji asyry «Türkmeniň altyn asyry» diýip atlandyrypdy. Şeýle bolansoň, Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň hökümet başynda oturan ýyllarynda Türkmenistanda öndürilen her bir önümiň daşynda hem «Türkmeniň altyn asyrynyň önümi» diýlen ýazgy galdyryldy.

Hökümet başyna gelen halatynda «Biz Saparmyrat Nyýazowyň yzy bilen gitmekçi» diýip yglan eden bolsalar-da, özleriniň hökümet başyna gelen döwürlerini «Beýik Galkynyşlar hem Täze Özgertmeler döwri» diýip atlandyran täze hökümet Nyýazowyň «Altyn asyrynyň» soňuna nokat goýdy.

Indi ýurtda «Türkmeniň altyn asyry» diýlen jümle agzalmaýar. Ýurtda öndürilýän önümleriň daşyna bolsa indi «Täze Galkynyş eýýamynyň önümi» diýlen ýazgy goýulýar.

Türkmenistanyň Azyk senagaty assossiasiýasynyň «Ahal» ösümlik ýag kärhanasynyň öndürýän «Ahal» ýagy hem «Türkmeniň altyn asyry» tamamlanandan soň başlanan «Täze Galkynyş eýýamynyň» döwründe öndürilip başlanan ýagdyr.

Pagta çigidinden taýýarlanýan ýagy öndürýän bu kärhanany ýakynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň özi açypdy. Bu ýagyň gabynyň daşyna hem täze döwrüň — ýagny «Beýik Galkynyşlar döwrüniň» önümiligini subut edýän «Täze Galkynyş eýýamynyň önümi» diýlen ýazgy ýazyldy.

Tagam tapawutly

Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynyň territoriýasynda ýerleşýän bu täze ýag kärhanasynyň öndürýän ýagy arassa. Owadan plastmassa gaplara gaplanan. Bu ýag kärhanasy Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde ýerleşýän ýag kombinatyndan soňky, pagta çigidinden ýag öndürýän ikinji kombinatdyr.

Iki kombinatyň öndürýän ýaglaryny deňeşdireniňde «Ahal» ösümlik ýag kärhanasynyň öndürýän ýagy Baýramalynyň ýag kombinatynyň öndürýän «Ak pamyk» ýagyndan has arassa, owadan görünýär. Emma iýen halatyň welin, «Ahal» ýagynyň tagamy Baýramalynyň ýag kombinatynyň öndürýän «Ak pamyk» ýagynyň tagamyça ýok.

Pagta çigidinden öndürilýän ýaglary türkmenler özleriniň iň bir datly, milli naharlary bolan palaw bişirende peýdalanýarlar. «Ak pamyk» ýagy palawy diýseň tagamly edýär.

Emma «Ahal» ösümlik ýag kärhanasynyň öndürýän «Ahal» ýagyna bişen palawyň welin, tagamynyň lezzeti bozulýar. Ýagny «Ahal» ýagyna bişen palawy iýen halatyň, ösümligiň ajy tagamy duýulýar, misli, ösümligi çeýnäp ýuwdan ýaly bolýarsyň.

Baýramalynyň ýag kombinaty gaty köp ýyl bäri işläp gelýär. Şeýle-de bolsa, bu kombinatyň öndürýän önümleri halky ýadatmaýar.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
XS
SM
MD
LG