Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Biziňki şeýleräk boldy...


Mähri Gurdowa

Hernäçe biri-birimiziň gylygymyzy öwrenýäs diýsegem, ýaşlykda adam tanamak kyn bolýan eken. Birek-birek bilen halaşylyp ýörülýän döwürde hiç kim özüniň pes gylygyny duýdurmaýar. Ýaramaz endigini bukup saklaýar.

Biziňkem şeýle boldy. Adamym bilen halaşyp durmuş gurdum. Kemini goýmadyk. Duşuşdyk, gürleşdik, söýüşdik. Men özümiň şonsuz ýaşap bilmejekdigimi duýdum. Ol hem maňa öýlenmese, başga kişi bilen ýaşap bilmejekdigini her duşuşygymyzda aýdýardy.

Hossarlar hem biziň söýgimize garşy bolup durmady. Guda bolundy. Toý tutduk. Il ýaly ýaşap başladyk. Bir çagamyz dünýä inipdi.

Bir gün men kir ýuwýardym. Adamym işdedi. Çaga oýanyp, aglap başlady. Men ýuwan kirlerimi serýänçäm, ony elime almadym. Arasynda sallançagy üwräp gaýdýardym hem-de ýuwan kirlerimi serýärdim. Gaýynenem daşaryk çykyp, maňa çagany aglatmazlygy, kir ýuwmagy soňa goýmagy tabşyrdy. Men gaýyneneme «bolýa» diýip, söz bersem-de, kirleri sermegi dowam etdim. Çaga birsyhly aglap duransoň, gaýynenem meniň üstüme gygyrdy. Gaharyna agzyna gelenini sögdem. Men ahyrsoňy elimdäki kirleri ýerde goýup, çaganyň ýanyna bardym. Gaýynenem yzymdan gelip, maňa ýene gygyrdy. «Men bir zat diýenimde, dessine diňlemelidir, ýogsam, meniň bilen oňuşmarsyň!» diýip, ol maňa öz gylygynyň ýowuzlygyny duýduryp gitdi.

Agşam adamym işden geldi. Ol biziň jaýymyza girmän, ejesiniň ýanyna bardy. Oňa çaý-suw bereýin diýip, daşaryk çykdym. Görsem, adamyma gaýynenem eýýäm nahar-çaý beripdir. Ol iýip-içip otyrdy. Men yzyma — öz öýüme girdim. «Ejesi bilen iýip-içýändir-dä» diýip, pikir etdim. Göwnüme hiç zat getirmedim. Adamym ýatar çagda düşek-ýorganlaryny-da alyp, ejesiniň tamyna ýatmaga gitdi. Men bu bolşa haýran galdym. Gaýynenemiň gykylyk ederinden çekinip, ondan hiç zat soramadym.

Ertesi güni «Enesi, nahar iýjekmi, çaý içjekmi, aýagyňy basyp bereýinmi?» diýen ýaly sözleri aýdyp, ýaranjaňlyk baryny edip, gaýynenem bilen gepleşdim. Agşamlyk adamym işden gelensoň, meniň ýanymda iýip-içdi hem-de gije öz ýerinde ýatdy.

Şeýle ýagdaýlar ençeme saparlar gaýtalandy. Men ahyr bir gün adamymdan munuň sebäbini soradym. Şonda ol maňa ejesiniň öýkelekdigini, diýeni edilmese, onuň derrew gaharynyň gelýändigini, şonda gelne jeza hökmünde ol ogluny öz ýanynda saklaýandygyny gürrüň berdi.

Adamymyň mugallym käri bar. Onuň bilen ýaşap ýörenime on ýyla golaý wagt geçdi. Üç çagamyz bar. Ejesi öýkelände adamymyň bizi taşlap gidip, ejesiniň tamyna gidip ýatmasy welin şu wagtam dowam edýär. Özem ol maňa: «Ejem bilen öýkeleşipsiň» hem diýenok. «Men gitjek» hem diýenok.

«Ýaraşypsyňyz, geldim» hem diýenok. Gaýynenemiň öýke tapan gün-ä gidýä, ejesiniň öýkesiniň ýazylan günem gelýä. Indi onuň bu bolşuna çagalarymyz hem düşünýärler. Olar gaýynenem bir zada öýkelän güni menden: «Eje, enem bilen sögüşdiňmi, kakam düşeklerini enemiň tamyna çekýä?» diýip soraýarlar.

Maşgalany bozmazlygyň hatyrasyna men adamyma «Näme üçin gidýäň?» hem diýemok, «Näme üçin gelýäň?» hem diýemok. Belki, ol ejesini has gowy görýändir, ony ynjydasy gelýän däldir. Eje-ogluň arasyna düşüp näme edeýin. «Ejelerem baky däl-ä. Goý, edenlerini edip ýaşasynlar» diýýän.

Mähri Gurdowa Ahal welaýatynyň ýaşaýjysynyň edebi lakamy.
XS
SM
MD
LG