Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan milliardlarça dollar kömege mätäç


Tebigy betbagtçylygyň öwezini dolmak üçin Pakistan milliardlarça dollar kömek soraýar. Bu barada BMG-niň ýörite wekili Žan Moris Riper aýtdy.

Žan Moris Riper beriljek kömegiň möçberiniň artdyryljakdygyny hem belledi.

Pakistanda ýurduň taryhynda görülmedik suw joşguny boldy.

Riperiň sözüne görä, kömegiň uly möçberi ýurduň demirgazyk-günbatar welaýatlaryna gerek.

Şeýle kömek Sind we Penjap welaýatlaryna-da zerur diýilýär.

Resmileriň aýtmagyna görä, suw joşmagy netijesinde 1,600 adam heläk bolup, 14 million adam öý-öwzarsyz galdy.
XS
SM
MD
LG