Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Alymlyk derdi


Tugyýew Çaryýar Rejebowiç wezipesinden boşadylýar, 9-njy iýul.
Tugyýew Çaryýar Rejebowiç wezipesinden boşadylýar, 9-njy iýul.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň iýul aýynyň 9-nda bolan giňişleýin mejlisinde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory Tugyýew Çaryýar Rejebowiçi özüniň eýelän wezipesinden boşatmak barada Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow permana gol çekdi. Oňa hemmeleri işden kowanlarynda Nyýazowçylaryň hem-de Galkynyşçylaryň hökümetiniň ýelmeýän — «Özüne ynanylan wezipäni oňarmanlygy üçin» diýen ýarlygy ýelmediler.

Türkmenistanda Nyýazowyň hökümeti ýurduň başyna çykansoň hem-de onuň yzbasarlary bolan Galkynyşçylaryň hökümetiniň eline ýurt galaly bäri hernäçe hyzmat edip ýören adamlar hem «Taňryýalkasyn» bilen işden işe geçirilmeýär. Her bir işden gidýän adama «Ynanylan wezipäni oňarmanlygy üçin» diýen ýarlyk ýelmenýär.

«Taňryýalkasyn» diýen sözi diňe adamkärçilikli adamlar bilýär. Mydama töweregindäki işdeş ýoldaşlarynyň, egindeşleriniň üstüne gygyryp, azgyrylyp oturan Nyýazowdan beýle hereket çykmady, onuň şägirtleridir yzbasarlary hem şonuň öwredip giden zadyny dowam etdirýärler. Hamala, özleri özlerine ynanylan wezipäni oňarýan ýaly, olar hemmeleri «Özüne ynanylan wezipäni oňarmanlygy üçin» diýen töhmet bilen işden kowýarlar.

«Alym bol»

Gurbanguly Berdimuhamedow 9-njy iýuldaky mejlisiň geçip duran çagynda Çaryýar Tugyýewe ýüzlenip: «Men ähli rektorlara «Alym boluň» diýip aýtdym. Sen alym hem bolmadyň» diýdi.

«Alym bol» diýlende, hamala alym bolup bolýan ýaly. Prezident Nyýazow Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyny ýapdyryp, ony jemgyýetçilik başlangyçlaryndaky ýaly bir edara öwrüp goýansoň, alymlar işden giderildi.

Indem Beýik Galkynyşlar döwri geldi. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy açyldy. Akademiýanyň açylmagy gowy zatmy, erbet zat? Elbetde, ylymsyz ýurtdan ylymly ýurt, alymsyz ýurtdan alymly ýurt gowy. Ýöne, hakykat ýüzünde bolýan wakalara syn salsaň, Akademiýanyň açylany hem köpleri puşman etdirýär.

Adamlara aýlyk alar ýaly ýerler açylsa, gowy zat. Ýöne Akademiýa açyldy diýip, grip keseliniň ýokuşdyrylyşy ýaly, hemmeleri alymlyk derdine ýolukdyryp bolmaýar. «Alym bol» diýdim, bolmadyň» diýip gepläp bolsa-da, alym bolmak «Bar, hol eşegiň palanyny aýryp gel» diýen ýaly zat däl. Alym bolmak üçin nije-nije ýyllaryň gözlegleri, nije-nije ýyllaryň zähmeti gerek. Näçe ýyl gözleg geçirende-de, näçe ýyl zähmet çekende-de alym bolmagy her kim başarmaýar hem.

Beýik Galkynyşlar hakda bolmaly


Talyplar hem ylmy iş üçin tema almaly, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary hem ylmy iş üçin tema almaly, akademiýanyň işgärleri hem ylmy iş üçin tema almaly. Özem bu mesele teklip däl-de, buýruk. «Ylmy iş goramaly temaň taslamasyny getirmeseň, işden gidersiň» diýlen käýinji alýanlar bir ýa-da iki däl. Üstesine-de ol tema esasan Beýik Galkynyşlar hem Täze Özgertmeler döwrüniň ösüşleri hakda bolmaly.

Ylmy iş, ylym hiç wagt çäklendirilmeli däl. Muny alymlar bilýärler. Şeýle hem belli bir döwür hakda aňry gitse, bäş-on sany adam ýazyp biler. Hemmeleri diňe bir döwrüň wakalaryna itip bolmaz-a.

«Ylmy iş ýazmaga bir temajyk salgy beräý» diýip ýörenlere nebsiň-janyň agyrýar. Alym bolasy gelmedik goý, bolmasyn. Alym bolmanda-da, ýolbaşçylygy, guramaçylygy başarsa-da, adamlara iş beribermeli. «Wezipe almak üçin hökman kommunist bolmaly, alym bolmaly» diýen ýörelgesi bolan sowet döwrüniň ysy ýene ýurda ýaýrap ugrana meňzeýär.

Döwlet Hojamedow aşgabatly intelligensiýa wekiliniň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG