Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow hakyndaky kitap täjik dilinde


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ömri we onuň atasy barada gürrüň berýän «Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk» atly kitap täjik dilinde neşir edildi.

Türkmenistanyň halk ýazyjysy Täçmämmet Jürdekowyň galamynyň astyndan çykan bu kitap Täjigistanyň paýtagty Duşenbede neşir edildi. Häzirki güne çenli «Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk» atly kitap dokuz dilde, ýagny türkmen, rus, iňlis, nemes, türk, hytaý, ukrain, pars we fransuz dillerinde neşir edilipdi.

Ýurduň daşynda çap edildi

Şu çaka çenli «Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk» atly kitabyň dürli dillerdäki neşirleri Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap edilipdi. Olaryň köpüsi Türkmenistanda işleýän daşary ýurtly firmalaryň ýardamy netijesinde ýurduň ýokary okuw mekdebiniň mugallymlarynyň terjime etmeginde neşir edilipdi. Kitabyň täjik dilindäki neşiri bolsa Duşenbede çap edildi.

Türkmenistan bilen Täjigistan eýýäm birnäçe ýyllaryň dowamynda ysnyşykly döwletara gatnaşyklaryny alyp barýarlar. Türkmenistan Täjigistana elektrik energiýasyny elýeterli nyrhdan iberip durýar.

Ýurduň mediasynda habar berlişine görä, «Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk» atly kitabyň täjik dilinde neşir edilmegi “iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berer”.

Awtor hakda ýene dymylýar

«Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk» atly kitabyň her gezekki täze neşirinde bolşy ýaly, täjik dilindäki neşirinde hem ony ýazan awtor barada hiç bir zat agzalmaýar. Oňa derek kitabyň esasy gahrymanlary bolan Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de onuň atasy Berdimuhamet Annaýew barada giňişleýin söhbet edilýär.

Munuň-da esasy sebäbi kitabyň awtoryna däl-de, eseriň gahrymanlaryna has köp ünsüň çekilmegini gazanmak üçin diýlip düşünilýär.

«Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk» atly kitabyň awtory Türkmenistanyň halk ýazyjysy Täçmämmet Jürdekow. Awtor bu eseri üçin geçen ýyl Türkmenistanyň prezidentiniň «Türkmeniň altyn asyry» baýragyna—bir müň amerikan dollaryna mynasyp hem bolupdy.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
XS
SM
MD
LG