Bu aralykda talyp söweşijileriniň Pakistana silden goranmaga kömek edýän çet ýurtlulara hüjüm etjekdigini yglan etmegi ýagdaýy has-da çylşyrymlaşdyrdy.
Satta şäheriniň we onuň töweregindäki obalaryň ewakuasiýasy baradaky perman öten agşam çykdy. Şäher häkimi Manzur Sheýh şu gün öýleden soň ilatyň 70 prosente golaýynyň şäherden çykarylyp, howpsuz ýere göçürilendigini habar berdi.
Kömek ýetişenok
Ýöne öýüni sil basan ýaşaýjylardan biri Şafi Muhammad özlerine häkimiýetlerden kömek gelmänligini aýdaýar: “Biziň öýmüz, ine, şu. Bu ýerde biziň bäş öýmüz bardy, başga öýler hem bardy. Olaryň hemmesini sil aldy. Ählimiz daşarda hökümetden kömek gelerine garaşyp durus. Harbylardan häzirlikçe bize çadyr berilmegini haýyş etdik. Ýöne berlen zat ýok. Köp adamlar kömek etmäge geldiler. Ýöne olar hem getiren zatlaryny öz garyndaşlaryna we tanyşlaryna berdiler”.
Sujawa, Daro we Mirpur Batoro şäherlerinde ilatyň aglaba köplügi, takmynan, 400 müň adam düýn başga ýerlere ewakuasiýa edildi.
Birleşen Milletler guramasynyň gumanitar işlerini koordinirleýän edarasynyň sözçüsi geçen 48 sagadyň içinde diňe Sindh prowinsiýasynyň özünde öý-owzaryny ýitirip, başga ýere göçürilenleriň sanyny bir million diýip çaklaýar. Ol: “Ýagdaý gitdigiçe ýaramazlaşýar” diýýär.
Ençeme hepdeläp dowam eden güýçli ýagyşdan soň möwjäp ugran sil 17 million adama öz zyýanyny ýetirip, 1 müň 600 adamyň başyna ýetdi. 8 million adam häzir gyssagly kömege mätäç.
Talyplar haýbat atýar
Düýn “Associated Press” habar agentligi Talybanyň sözçüsi Azam Tarykyň “Daşary ýurtly kömekçileriň Pakistanda bolmagy kabul ederliksiz” diýenini habar berdi. Taryk: “Biz nämedir bir zat kabul ederliksiz diýsek, her kimiň özi netije çykarybersin” diýipdir.
Daşary yurtly ýardamçylara entek edilen hüjüm ýok. Ýöne Birleşen Milletler guramasy bilen Birleşen Ştatlar bu aýdylýanlary gury haýbat hasaplanoklar.
“Biz, ozalkymyz ýaly, bu haýbatlara çynlakaý howp diýip garap, gerekli ätiýaçlyk çärelerini görýäris. Ýöne bu bizi özümiziň zerur hasaplaýan işimizi etmekden gaçyrmaz. Häzirki zerur iş hem Pakistan halkyna kömek bermek” diýip, Birleşen Milletler guramasynyň gumanitar kömek edarasynyň başlygy John Holms belledi.
Birleşen Ştatlaryň Döwlet Departamentiniň sözçüsi Filip Krowleý hem: “Ekstremistleriň daşary ýurtly ýardamçylara hüjüm etmeginiň mümkindigi barada elimizde maglumat bar” diýýär.
Ol: “Aňtaw işlerine girişmezden-de, bu howp barada biziň elimizde maglumat bar. Bu haýbatlara garamazdan, biziň pakistan tarapy bilen bilelikde betbagtçylyga garşy alyp barýan işlerimiziň dowam etdirilmegi üçin gerekli çäreleri görýäris, pakistan hökümeti bilen gürleşýäris, hyzmatdaşlyk edýäris” diýdi.