Ýekşenbe güni ABŞ-da “Katrina” harasadynyň pidalarynyň hatyrasy tutuldy. Bäş ýyl mundan öň şol tebigy betbagtçylykda Täze Orlean şäherine uly zyýan ýetipdi.
Tebigy heläkçiligiň ýyl dönümi bilen bagly ençeme çäreler geçirildi, şolaryň arasynda ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň çykyşy-da boldy.
“Katrina” iki müň töweregi adamyň ömür tanapyny üzüpdi, bir million gowrak adam öýsüz-öwzarsyz galypdy. Dikeldiş işleri häzirem dowam edýär.
Şol bir wagtda ABŞ-nyň günortasynda Meksikan aýlagyna akan nebitiň ýetiren zyýanlaryny ýok etmek boýunça-da iş alnyp barylýar. Şu ýylyň baharynda BP kompaniýasynyň aýlagdaky skwažinasynda betbagçylyk bolupdy.