Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň wise-prezidenti Baýden Bagdada bardy


30-njy awgustda ABŞ-nyň wise-prezidenti Josef Baýden resmi sapar bilen Bagdada bardy.

Bu saparyň esasy maksady amerikan goşunlarynyň Yrakdaky harby hereketleriniň tamamlanmagy bilen bagly 1-njy sentýabrda geçiriljek dabara gatnaşmakdan ybarat.

Sişenbe güni Josef Baýden Yragyň premýer-ministri Nuri al-Maliki bilen duşuşyp, gepleşik geçirer.

Şeýle hem Baýden bu saparynyň barşynda 6 aý bäri koalision hökümeti döredip bilmän gelýän Yragyň syýasatçylary bilen duşuşyp, olary tankyt eder diýlip, çak edilýär.
XS
SM
MD
LG