Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň taksoparkyna 300 taksi getirildi


Türkmen mediasynyň habar bermegine görä, Aşgabadyň taksoparkyna «Hýundaý—Elentra» kysymly täze taksileriň nobatdaky tapgyry gelip gowuşdy.

Täze getirilen 300 taksi iki ýarym aý mundan ozal hem şunça mukdarda getirilen taksileriň üstüni doldurar. Günorta Koreýada öndürilen bu taksiler dünýä standartyna laýyk gelip, olar sowadyjylar bilen hem üpjün edilendir.

Täze taksilere sürüjiler ýetenok

Soňky gelip gowşan bu 300 taksi bilen Aşgabadyň taksoparkyndaky taksileriň sany indi 600-e baryp ýetdi. Ýöne muňa garamazdan, täze taksilere sürüjiler juda ýetmezçilik edýär.

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň ýurduň gazetlerinde Aşgabadyň taksoparkyna gelip gowşan taksilere sürüjileriň gerekdigi barada bildirişi dowamly çap edýändigine garamazdan, taksi sürüjisi bolmaga döwtalap bolýanlar juda az. Munuň hem esasy sebäbi taksoparkyň sürüjilere bir günki dolmaly plany juda çökder goýýandygy üçindir.

Aşgabadyň taksoparky bir sürüjä bir günde 80-100 manat aralygynda plan tabşyrmagy borçly edýär. Eger şol plany dolmasa, onda sürüjiniň aýlygy hem kem berilýär.

Hususy awtolulaglarynda gije-gündiziň dowamynda şäherde kireý edýän kireýkeşler her müşderiden 2-3 manat çöpläp, bir günde zordan 80 manat ýygnaýarlar. Diňe kireý etmek bilen gazanç edýän kireýkeşler aýlyk ortaça 2500 manat töweregi pul düşürýärler.

Taksoparkyň taksi sürüjileri bir aýda 2500 manady plan hökmünde tabşyrsalar-da, olaryň aýlygy 600 manatdan geçmeýär. Şonuň üçin hem taksoparkyň taksi sürüjisi bolmakdan köpler ýüz öwürýärler. Halys iş tapman, maňlaýyny bu ýere gelip diränler hem, işde uzak saklanmak islemeýärler.

Sürüjileriň ýoklugy sebäpli, paýtagta iki ýarym aý mundan öň getirilen 300 sany taksileriň ýarysyndan gowragy taksoparkyň garažynda häzir tozan basyp ýatyr. Olara hatda şu wagta deňiç döwlet belgilerem dakylanok.

Gazanç çeşmesi

Taksoparkyň taksileri gazanç çeşmesini esasan zakazlardan alýarlar. Müşderi zakaz üçin on manady bir tölemeli, ýoluň uzaklygyna görä-de, kilometrine 30 teňňeden ýene tölemeli. Taksi zakazy üçin müşderi ortaça 15 manat tölemeli bolýar.

Şunça puly berip, taksi zakaz edýänlerem az däl. Ýöne paýtagtyň aglaba ýaşaýjylary taksoparkyň taksilerine däl-de, hususy awtoulaglarynda kireý edýän kireýkeşleriň hyzmatyndan peýdalananlaryny kem görmeýärler. Çünki olaryň nyrhy 2 esse arzan bolýar.

Kireýkeşlere howp barmy?

Paýtagtdaky taksomotor awtoulag kärhanasyna täze taksileriň gelmegi hususy awtoulaglarynda kireý edýän kireýkeşlere näderejede zeper ýetirjegi heniz belli däl. Ýöne soňky bir aýyň dowamynda aeroporta hususy taksileriň barmagynyň gadagan edilmegi kireýkeşleri alada goýman hem duranok.

Paýtagtdaky ýeke-täk aeroporta reýsleriň geler wagtyny peýläp, gazanç etmäge köp kireýkeşler barýarlar. Özi hem olaryň ýol üçin kesýän nyrhy adatdaky nyrhdan iki esse gala bolýar. Uzak aralykdan gelýän ýolagçylar, köplenç olaryň iki esse kesýän nyrhy bilen ylalaşýarlar.

Häzirki wagtda paýtagtyň aeroportyna diňe taksomotor awtoulag kärhanasyna degişli taksilere barmak rugsat edilýär.

Şu wagta çenli täze taksilere köçede gaty seýrek duşulýar. Resmi maglumatlarda taksileriň bir kilometrine 30 teňňe alýandygy aýdylýar. Bu nyrh kireýkeşleriň kesýän nyrhy bilen, umuman deňeçerräkdir.

Ýerli habarçynyň maglumaty.
XS
SM
MD
LG