Moldowada prezidentiň wezipesini ýerine ýetiriji Mihaý Gimpu bazar güni Konstitusiýa boýunça geçirilen referenduma saýlawçylaryň az gatnaşmagynda kommunistleri aýyplady, olar ses berişligi boýkot etmäge çagyrypdylar.
Graždanlaryň saýlawlara gatnaşygynyň pes bolmagynyň ýene bir sebäbi hökmünde Gimpu “Ýewropa integrasiýasy ugrunda alýansyň” liderleriniň dürli garaýyşlaryny belledi.
Merkezi saýlaw komissiýasynyň deslapky maglumatyna görä, kanun boýunça iň bärsinden 33% gowrak bolmaly gatnaşyk çak bilen 30% bolupdyr.
Moldowanyň graždanlary “Prezidenti ählihalk saýlawlarynda saýlamalymy?” diýen soraga jogap bermelidi.
Parlament respublikasy bolan Moldowada deputatlar geçen ýylyň baharyndan bäri prezident saýlap bilmeýärler.
Deslapky geçirilen pikir soralyşygyň netijelerine görä, saýlawçylaryň 90%-i ählihalk saýlawlary esasynda prezident saýlamak teklibine oňyn jogap beripdir.
Ýöne gatnaşygyň pesdigi üçin referendumyň hasaba alynmazlygy mümkin.