Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-da kiçi we orta biznes üçin salgytda ýeňillik saklanar


Ogaýo ştatynda ykdysady problemalara bagyşlanan çykyşynda ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama has gurply amerikanlar üçin salgytlaryň galdyrylýan şol bir wagty kiçi hem orta biznesde salgyt ýeňilliklerini saklap galmak barada aýtdy.

Ýylda 250 müň dollardan artyk gazanç edýän adamlar bilen bagly öň girizilen ýeňillikli salgydyň möhletini uzaltmazlygy amerikan prezidenti teklip etdi.

Obama şeýle-de öz administrasiýasynyň alty ýylyň dowamynda awto we demir ýollaryň, aeroportlaryň infrastrukturasyny täzelemek üçin 50 milliard dollar goýbermegi planlaşdyrýandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG