Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Galmygystanyň prezidenti Nýu Ýorkdan ýer satyn almakçy


Galmygystanyň prezidenti Kirsan Ilýumjanow Nýu Ýork şäheriniň meri Maýkl Blumberge 11-nji sentýabrda terror aktyň bolan ýeriniň golaýyndan, ýagny yslam jemgyýetiniň metjit gurmakçy ýerinden özüniň ýer satyn almakçydygyny teklip etdi.

Kirsan Ilýumjanow Halkara küşt federasiýasynyň hem prezidenti bolansoň, şol ýerden Bütindünýä küşt merkezini gurmakçydygyny aýdýar. Şol ýer üçin ol 10 million dollar teklip etdi.

Mundan öň amerikan millarderi Donald Trampnyň şeýle teklibi ret edilipdi. Ol şol ýeri 7,5 million dollara satyn almakçy boldy.

Geçen hepdede bu ýerde 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda bolan terror aktyň nobatdaky ýyl dönümi bellendi. Şonda ol ýerden metjit gurulmagyna garşy çykýanlaryň hem onuň tarapdarlarynyň garşy duruş aksiýalary gurlupdy.
XS
SM
MD
LG