Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ukrainada prezidentiň ygtyýarlyklaryna täzeden garalýar


Penşenbe güni Ukrainanyň Konstitusion sudy Wiktor Ýuşenkonyň ýurdy dolandyran ýyllarynda prezidentiň ygtyýarlyklaryny kemeltmek boýunça kabul edilen kararlara täzeden garap başlady.

2004-nji ýylda Ukrainanyň parlamenti prezidentiň belli bir ygtyýarlyklaryny parlamente geçirmek boýunça käbir konstitusion reformalary durmuşa geçiripdi.

Ukrainanyň Konstitusion sudy indi prezidentiň şol parlamente berlen ygtyýarlyklaryny gaýtadan yzyna almak meselesine garar.

Sud bu meselä Ukrainanyň häzirki prezidenti Wiktor Ýanukowiçe tarapdar syýasatçylar tarapyndan edilen şikaýatlaryň esasynda garaýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG