Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetden Hytaýa gaz akdyrmak barada täze ylalaşyga gol çekiler


Prezident Dmitriý Medwedew bilen bile Hytaýa sapar edýän Orsýetiň premýer-ministriniň orunbasary Igor Seçin Orsýetden Hytaýa gaz akdyrmak baradaky täze ylalaşyga geljek ýyl gol çekiljekdigini aýtdy.

Hytaýyň prezidenti Hu Jintao hem şu gün prezident Dmitriý Medwedew bilen geçiren özara gepleşiklerinden soň metbugat konferensiýasynda eden çykyşynda iki ýurduň hyzmatdaşlyklarynyň perspektiwasyna ýokary baha berdi.

Şu gün giçlik Orsýetiň we Hytaýyň döwlet liderleri Orsýet-Hytaý nebit geçirijisiniň gurluşygynyň tamamlanmagyna bagyşlanylan ýörite dabara gatnaşmaklygy planlaşdyrýarlar.
XS
SM
MD
LG