Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täze neşir – täze roman


Ýakynda “Gün” neşirýatynda belli türkmen ýazyjysy, Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi Tirkiş Jumageldiniň täze kitaby çykdy. Bu kitabyň neşir edilişi barada ýazyjy Hudaýberdi Hally “Gün” neşirýatynyň eýesi hem kitabyň redaktory Ak Welsapar bilen gürrüňdeş boldy.

Ak Welsapar: Bu “Gorky belasy” kitabyna ýazyjynyň soňky döwürde döreden iki sany eseri girdi, olaryň bir-ä “Gorky belasy” diýen roman, ikinjisem “Ömürzaýa” atly powest. Şol iki eser bir kitapda neşir edildi.

H.Hally:
Bu kitabyň çykany gowy zat. Indi ony ýaýratmak meselesi bar. Öň bir ýazyjymyzyň aýdyşy ýaly, şol guramaçylyk meseleleri, ýaýratmak, halka ýetirmek ýazmak derejesindäki agyr işleriň biri hasap edilýär. Bu ugurda nähili işler etmegi göz öňünde tutýaňyz?

Ak Welsapar:
Biziň şu öz neşir edýän kitaplarymyzy ýaýratmak meselesinde-de ep-esli tejribmiz bar. Ozal biz ondan gowrak kitaby ýaýratdyk. Tükmen kitaplaryny türkmen hem şwed dilinde hem-de rus dilinde neşir etdik. Şonuň üçinem eýýäm bize şu häzirki çykan kitaby ýaýratmak ozalkylardan aňsadrak. Sebäbi tejribe toplaňsoň, owal ýörän ýoluňdan ýöremegem aňsat bolýar.

Elbetde, birinji nobatda Tirkiş Jumageldiniň latyn elibiýinde çykan kitaby daşary yurt türkmenleriniň arasynda ýaýradylar. Bu meselede aýratynam ýewropa türkmenleri “Gün” neşirýatynyň alyp barýan işini hem türkmen edebiýatyny goldaýarlar. Häzir şol öz ýurdumzda gadagançylyga düşen türkmen edebiýatyny daşary yurt türkmenleri goldaýarlar. Türkmen dilindäki kitaplary satyn almak hem şolar bilen gyzyklanmak bilen oňa öz taraplaryndan goldaw berýärler.

H.Hally:
Indi beýleki bir wezipäňiz, şeýle kitaplary Türkmenistana ýetirmek meselesi barada nämeler aýdyp biljek?

Ak Welsapar: Elbetde, birinji nobatda biziň wezipämiz ýene-de şu kitapdan Türkmenistandaky türkmen okyjylaryna-da ýetirmek. Onam, işallasa, ozalky edişimiz ýaly ýollar bilen ýetireris. Sebäbi bu bir çeper eser. Muny satyn almagyňam, Türkmenistana eltmegiňem hiç hili gorkusy ýok diýip, hasap edýän. Çeper eser – ol çeper eser bolýar, onda syýasat ýok. Onsoň ol hökman öz okyjylaryna ýetmelem, okalmalam.

H.Hally: Indi, Ak-Muhammet, bu kitaba girýän eserleriň esasy temasy, gozgaýan meseleleri barada-da azda-kände aýdyp geçsek gowy bolar.

Ak Welsapar: Bu eserde edil şu iki müňünji ýyllaryň Türkmenistany hakynda gürrüň açylýar. Bu romanda bolup geçýän wakalar, onuň gahrymanlary iki müňünji ýyllarda hereket edýärler. Şonuň özem eýýäm şu çykan romany örän döwrebap roman edip goýýar. Kitaby okyjylar üçin, häzirki zaman türkmen okyjyklary üçin örän bir gyzykly esere öwürýär. Bu romany okasaň, onda edil şu günler Türkmenistanda ýaşap ýören adamlaryň başyndan geçirýän ähli problemalary, olaryň içki duýgulary, özara gatnaşyklary hakynda belli bir derejede düşünje alsa bolýar. Şuny okan türkmenistanlylaryň eseriň gahrymanlary bilen bir gaýybana jedele girjekdiklerine men ynanýan. Sebäbi, ynha, Abdyllanyň obrazy bar, Selbi bar, Jemal bar. Onsoň şu romandaky Uly ýaşuly diýilýän bir adamyň obrazy bar. Şolaryň hemmesem, meniň pikirimçe, Türkmenistanyň okyjylary üçin tanaljak, ýagny prototipleriniň kimdigi aňdyrjak obrazlar. Şunuň özem kitabyň daşynda goşmaça ýene-de bir gyzyklanmany döreder diýip, men hasap edýän.

H.Hally: Şonuň bilen birlikde, Ak-Muhammet, sen bir medeniýetiň, sungatyň ösen merkezleriniň birinde ýaşaýaň. Töweregiňde kitaba bolan höwes örän ýokary. Halkara sergiler geçip dur. Kitaby şeýle halkara sergilerine hödürlemek ýa başga neşirýatlara teklip etmek niýetiňizde barmy?

Ak Welsapar: Elbetde, bu kitabyň çykan wagty ýene-de Şwesiýanyň Göteborg şäherinde Halkara kitap ýarmarkasynyň geçýän döwrüne gabat geldi. Şol Halkara kitap ýarmarkasynda bu kitabyň tanyşdyrylyşy boljak. Şonda ilkinji nobatda, elbetde, bu kitap bilen emigrasiýada ýaşaýan türkmenleriň gyzyklanjagyna men ynanýan. Ondan daşgary-da emigrasiýada hereket edýän neşirýatyň çykarýan önümi bolany üçin, şwed köpçülikleýin habar beriş serişdelerem gyzyklanýarlar. Olaram kitabyň näme hakyndadygy, näme üçin muny ýazyjynyň öz ýaşaýan Watanynda çykyp bilmeýändigi hakynda soraglar bilen ýüz tutýarlar. Onsoň romanyň mazmuny hakynda soraýarlar. Şony gürrüň bereňsoň, şwed metbugatynda-da, adatça, kitap hakynda hökman ýazýarlar.

H.Hally:
Ýeri gelende, biz “Gün” neşirýatynyň adresini diňleýjilerimize ýatladyp geçsek gowy bolardy. Türkmenistandan “Gün” neşirýatyna ýüz tutjaklar bar bolsa, olara ýene-de bir gezek adresi ýatladyp geçsek, artykmaçlyk etmezmikä diýýän.

Ak Welsapar: Biziň neşirýatymyza öz golýazmalaryny ibermek isleýänler bar bolsa ýa-da bolmasa bizde çap edilen şular ýaly täze kitaplary satyn almakçy bolsalar, onda internetden bu kitaby nähili satyn almalydygy hakda maglumat tapyp bilerler. Onuň üçin: www.gunesh.org saýtyna girmeli. Şol saýtda “Gün” neşirýatynda çykan kitaplary almak üçin, nähili ýüz tutmalydygy barada maglumat bar.

H.Hally: Ak-Muhammet, bize ýetiren hoş habaryň, gowy gürrüňleriň üçin köp sag bol!
XS
SM
MD
LG