Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Hytaýyň premýer-ministri Türkiýä sapar edýär


Hytaýyň premýer-ministri Wen Jiabao iki günlik resmi sapar bilen Türkiýä barýar. Ol bu saparynda iki ýurduň söwda gatnaşyklaryny ösdürmek barada gepleşiler geçirer.

Wen Jiabao Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Ärdogan, prezidenti Abdulla Gül we işewür toparlar bilen gepleşik geçirer.

Onuň bu saparynyň dowamynda Türkiýe bilen Hataýyň söwda, energiýa, transport, aragatnaşyk we medeni hyzmatdaşlyklary boýunça 10 sany ylalaşyga gol goýlar diýlip garaşylýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG