Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Katar bilen ysnyşmakçy


Kataryň emiri Hamad Bin Halifa al Thani
Kataryň emiri Hamad Bin Halifa al Thani

11-12-nji oktýabrda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Katara iki günlük resmi sapary boldy.

Türkmen delegasiýasynyň Doha saparynyň çäginde Türkmenistanyň we Kataryň ýolbaşçylarynyň geçiren ýokary derejeli gepleşiklerinde resmi maglumatlarda “strategik” diýlip atlandyrylan ugurlar boýunça dokumentler toplumyna gol çekildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi maglumatynda bellenişine görä, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Katara edýän we “döwletara gatnaşyklaryň ösüşini täze derejä götermäge” gönükdirilen resmi sapary iki ýurduň gatnaşyklarynyň giňelmegine pozitiw itergi bermäge, şeýle-de Türkmenistan bilen Kataryň dünýädäki ornuny berkitmäge mümkinçilik döredip biler.

Kataryň Daşary işler ministrliginiň resmi beýannamasynda Türkmenistanyň prezidenti bilen Kataryň emiri Şeýh Hamad Bin Halifa al Thaniniň arasynda geçirilen duşuşykda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça özara bähbitli meseleleriň geňeşilendigi bellenildi.

Dohadaky gepleşikleriň netijesinde söwda-ykdysady we kanun ugurlarynda hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara ylalaşyklara gol çekildi. Ýurtlaryň Söwda- senagat öýleriniň arasynda bilelikdäki işewür geňeşini döretmek boýunça ylalaşyga gol goýuldy. Taraplar iki döwletiň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda ikitaraplaýyn konsultasiýalary geçirmek boýunça hemişelik işewür mehanizmini döretmek barada hem ylalaşdylar.

Türkmenistan bilen Kataryň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek wezipesini hökümetara komissiýanyň ýerine ýetirmegine garaşylýar. Katarda bolan wagty Türkmenistanyň prezidenti söwda-ykdysady we medeni gatnaşyklary ösdürmek boýunça bilelikdäki hökümetara komissiýany döretmegi teklip etdi.

Ýangyç boýunça hyzmatdaşlyk

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda Türkmenistandan Katara ýangyç energiýa pudagynyň önümleri eksport edilýär. Katardan Tükmenistana bolsa polat, elektrik harytlary, gurallar we mehanizmler getirilýär.

Energiýa meselesi Türkmenistanyň we Kataryň ýolbaşçylarynyň ýokary derejeli gepleşikleriniň üns merkezinde boldy. Taraplar Türkmenistan bilen Kataryň arasynda nebit-gaz ugrundan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen energiýa boýunça işewür toparyny döretmek ylalaşygyna geldiler.

Türkmenistanyň resmi maglumatlaryna görä, gaz senagatyna degişli pikirleri we tehnologiýalary alyşmak, pudak üçin spesialistleri taýýarlamak, bilelikdäki inwestision proýektleri durmuşa geçirmek, gaz ýataklaryny özleşdirmek we abzallaşdyrmak, gazy alyjylara ýetirmek, şol sanda deňiz gatnawyny amala aşyrmak şeýle-de gazy gaýtadan işleýji kärhanalary gurmak meseleleri Türkmenistan bilen Kataryň ýangyç energiýa pudagy boýunça hyzmatdaşlygynda ileri tutulýan ugurlar bolar.

Türkmen metbugatynyň maglumatlarynda gepleşiklerde taraplaryň nebit-himiýa ugruna we nebiti gaýtadan işleýji kärhanalaryň gurluşygy boýunça pikir alyşmak meselesine hem üns berenligi habar berildi.

Halkara gatnaşyklar boýunça bilermen, Moskwada ýerleşýän syýasy informasion merkeziň müdiri Alekseý Muhiniň pikirine görä, Katar bilen hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň energiýa pudagyny ösen tehnologiýalar we spesialistler bilen üpjün etmekde öňegidişlik getirip biler.

A.Muhin Günbatar bilermenleri bilen giň gatnaşyk edýän Kataryň tehnologiýalary hem spesialistleri bilen bilelikde Türkmenistanda ýewropa we amerikan spesialistleriniň hem köpeljegini çak edýär.

Gatnaşyklaryň ösüşi

Kataryň biznes gatlaklary Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna uly gyzyklanma bildirýär. Bu barada türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen gepleşiklerinde Kataryň emiri Hamad Bin Halifa al Thani aýtdy.

Türkmenistanyň Türkiýedäki we Ysraýyldaky öňki ilçisi Nurmuhammet Hanamowyň bellemegine görä, Türkmenistanda işleýän daşary ýurt kompaniýalarynyň ýurtda gülläp ösen korrupsiýadan peýdalanyp, ýurduň we halkyň hakyny iýmegi bilen bagly wakalar seýrek däl. Şeýle ýagdaýyň öňüni almakda hem, Hanamowyň pikirine görä, tebigy resurslara baý arap döwletleriniň, şol sanda Kataryň görelde almak üçin oňaýly tejribeleri bar.

N.Hanamow daşary ýurt şirketleri bilen işleşmekde öz hakyny gidirmegiň arap döwletleriniň köpüsiniň başyndan geçen ýagdaýdygyny belledi. Onuň sözlerine görä, häzir arap döwletleriniň ýörite şertnamalar esasynda daşary ýurtly konsultant bilermenleriň hyzmatyndan peýdalanmak ýaly döwrebap tejribeleri bar, bu hem halkara biznesi bilen özara gatnaşyklary giňeldýän Türkmenistan üçin peýdaly bolup biler.

Sosial syýasat

Alekseý Muhiniň pikirine görä, Türkmenistanyň Katar bilen energiýa hyzmatdaşlygyny giňeltmegi käbir sosial problemalaryň çözgüdine-de pozitiw täsir ýetirip biler. Hususan-da täze iş orunlarynyň döredilmegi bilen baglylykda.

Türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow
Türkmenistanda işleýän daşary ýurt kompaniýalarynyň sany gitdigiçe köpelýär. Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda ýurtda Türkiýäniň we Eýranyň kompaniýalary agdyklyk eden bolsa, soňky ýyllarda Hytaýyň we käbir Günbatar döwletleriniň şirketleri hem öz kärhanalaryny açdylar.

Emma munuň Türkmenistanyň raýatlarynyň iş bilen üpjünçilik ýagdaýyna oňly täsir ýetirmeýänligini ýerli ilat gürrüň berýär. Ikinji nobatda-da türkmen raýatlarynyň zähmet hukuklarynyň depelenýänligini, daşary ýurtlulara garanda ýerli işgärleriň has köp işledilip, zähmet hakynyň az tölenýänligi aýdýarlar. N.Hanamow bu meselä türkmen hökümeti tarapyndan çynlakaý üns berlip, ösen döwletleriň tejribeleri esasynda çäre görülmegi zerur diýip hasap edýär.

“Türkmenistan öz kanunlaryna gaýtadan seretmeli. Ýurtda işlemek isleýän daşary ýurt kompaniýalarynda türkmen raýatlarynyň iş güýjüniň ulanylyşyna, işgärleriň düzüminde ýerli ýaşaýjylaryň prosentine üns berilmeli” diýip, N.Hanamow bu ugurdan dünýäniň ösen döwletleriniň öz raýatlaryny goldamak boýunça ýöredýän syýasatyna meňzeş düzgünleri girizmegiň Türkmenistan üçin ähmiýetli boljakdygyny nygtady.

Türkmenistanyň Katar bilen diplomatik gatnaşyklary 1996-njy ýylda ýola goýuldy. Kataryň Türkmenistandaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Tähranda ýerleşýär.
XS
SM
MD
LG