Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen gyzjagazy öz operasiýasyna pul toplaýar


Britaniýanyň Oksford şäherinde öz operasiýasyna pul ýygnaýan türkmenistanly Gülşat Kadyrowa ýanjyk süňküni guşaklyk süňküne baglaýan çanaksyz doglupdy.

Gülşat Kadyrowa
Gülşadyň birinji operasiýasy Britaniýanyň Oksford şäheriniň Nuffield Ortopedik Merkezi tarapyndan 2006-njy ýylda geçirildi. Çaga ýöremek mümkinçiligini döreden bu operasiýa haýyr-yhsan kömekleriniň hasabyna amala aşyrylypdy. Geljekde türkmenistanly bu çaga ýene bir operasiýa garaşýar.

Gülşat Kadyrowanyň we onuň ejesi Baharyň Britaniýanyň Oksford şäherine 2006-njy ýylda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatdan baranlygyny The Oxford Times neşiri ýazýar. Maglumatda Gülşadyň ýöremegine mümkinçilik döreden birinji operasiýanyň haýyr-yhsan kömeginiň hasabyna edilip, şonda 15 müň funt sterling möçberdäki puluň toplananlygy habar berildi. 2006-njy ýylda geçirilen bu operasiýa Britaniýanyň Nuffield Ortopedik Merkezi tarapyndan geçirildi.

Häzir 10 ýaşyndaky Gülşadyň ýanjyk süňküni guşaklyk süňküne baglaýan çanagynyň ýoklugy bilen bagly dogabitdi kemçiliginden başga oňurgasynyň egrilik kemçiligi hem bar. The Oxford Times neşiri, Kadyrowlaryň maşgala dosty Jennie de Vriese salgylanyp, gyzyň gije-gündiz guşaklyk apparatyny geýip gezmäge mejburdygyny, muňa garamazdan, çaganyň örän seýrek zeýrenýänligini ýazýar.

Maşgala dosty we Gülşat Kadyrowanyň fondunyň koordinatory Jennie de Vriesyň sözlerine görä, gyz örän gaýduwsyz we tutanýerli.

Gulşat ýene bir operasiýa mätäç

Häzirki wagtda Gülşat nobatdaky operasiýasyna pul toplaýar.

The Oxford Times neşriniň maglumatyna görä, Gülşat Kadyrowa öňde duran operasiýasyna pul toplamak üçin öz mekdep dostlary bilen bilelikde öňümizdäki şenbe güni ýörite ýöriş geçirmekçi. Uzynlygy üç kilometrden gowrak ýoly çagalar iki sagada golaý wagtyň dowamynda geçmekçi.

“Gulshatfond” internet saýtynyň ýazmagyna görä, gyzjagazyň oňurgalaryny birleşdirmek boýunça operasiýa ol 13 ýaşyna baranda geçirilmeli we bu operasiýanyň bahasy 35 müň funt sterlinge deň.

Gülşady öz ýurdunda kadaly bejermek mümkin bolmansoň, onuň ejesi Baharyň gyzyny Britaniýada bejertmek mümkinçiligiň gözlegine çykanlygyny BBC agentligi habar beripdi. Maglumata görä, 2006-njy ýylda Bahar bar emlägini satyp, ýurduň daşyna çykmagy başarypdyr. Baharyň Türkmenistandaky aýlygynyň 40 funt sterlinge barabar bolanlygyny BBC öz maglumatynda agzaýar.

Gülşat Kadyrowanyň ýanjyk süňküni guşaklyk süňküne baglaýan çanagynyň ýoklugy bilen bagly dogabitdi keseliniň, başgaça aýdylanda displaziýanyň Merkezi Aziýada köp duş gelýänligini özbegistanly pediatr lukman Gülçahra Azatlyk Radiosyna aýtdy.

“Çagalarda örän köp duş gelýän bu dogabitdi kemçilikde aýagyň hereket mümkinçiligi çäklenýär, aýak gapdala gozgalmaýar. Şeýle çagalar ýöräp bilmeýärler. Bu şikes çaga dünýä inende anyklanýar, sebäbi kemçilikli aýak beýlekisi bilen deň gelmeýär, has gysga bolýar” diýip, lukman zenan Gülçahra aýdýar.

“Displaziýa keseliniň Türkmenistanda bejerilmegine şu günki gün nähili mümkinçilikler bar?” diýen sowal açyklygyna galýar.

Türkmenistandaky mümkinçilikler

Türkmenistanyň resmi maglumatlarynda saglygy saklaýyş pudagynyň döwre laýyk özgerýänligi aýdylyp, täze saglygy bejeriş merkezleriň açylýanlygy we enjamlaşdyrylýanlygy öňegidişligiň subutnamasy hökmünde nygtalýar.

Ilatyň medisina hyzmatlaryndan peýdalanmagy üçin mümkinçilikleri döretmegiň hökümetiň ileri tutýan meselesi bolup durýanlygy hem resmi maglumatlarda bellenilýär. Emma ýurduň saglygy saklaýyş pudagyndaky kemçilikler asla agzalmaýar.

Türkmenistanyň ýaşaýjylary bolsa medisina hyzmatlarynyň ilat köpçüligi üçin tölärden gymmatdygyny, üstesine, medisina hyzmatlarynyň hiliniň pesdigini habar berýärler.

“Islendik saglyk öýüne barsaň, kesellänleri görmersiň. Sebäbi ol ýere bararlyk ýok. Hassalaryň sanyny bijek bolsaň, dermanhanalara baraýmaly. Adam örän kän. Emma saglyk öýlerine baranoklar, sebäbi ol taýdan netije ýok” diýip, Türkmenistanyň ýaşaýjysy Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Türkmenistandan gowuşýan maglumatlara görä, soňky ýyllarda saglygyny mümkin boldugyndan Türkmenistanyň daşynda bejermäge synanyşýan türkmenistanlylaryň sany gitdigiçe köpelmese, azalanok.
XS
SM
MD
LG