Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zähmet biržasynyň işe ýerleşdirişi


Hiç bir ýerden iş tapman ýören Gülälek şeýle bir ýagdaýa duçar boldy. Aşgabadyň medeni-seýil baglarynyň birinde geçirilip duran dabaranyň üstünden bardy.

Üstüne ýaşyl matalar ýapylyp, bezelen stollar, töwerekde aýdym aýdyp, saz çalýan bagşylar, şirin–şeker kökeler, her dürli içimlik suw satýan söwda işgärleri Gülälegiň ünsüni çekdi. Ol dabaranyň nämäniň şanyna geçirilýänini bilmek üçin medeni-seýil bagynyň içine girip, bezemen stollaryň başynda oturan owadan gelin-gyzlaryň, ýaş ýigitleriň ýanyna bardy hem-de dabaranyň nämäniň hatyrasyna gurnalanyny sorady.

—Ilata iş hödürleýäs. Bu dabarany biziň ilaty iş bilen üpjün edýän zähmet biržamyz geçirýär—diýip, gelinleriň biri öz habary bilen Gülälegiň ýüregini gopdurdy.

«Bu işsiz ýurt nire! Beýle dabaralar bilen ilata iş hödürleýiş nire!» diýip, Gülälek içini gepledip, begenjinden ganat baglap uçaýjak boldy. Olara özüniň näçe wagt bäri hiç ýere işe ýerleşip bilmeýänini aýtdy. Ilaty işe ýerleşdiriş edarasynyň işgärleri Gülälege ençeme edaralaryň adyny berip, şol ýerlere barsa, hökman iş beriljegini düşündirdiler. Hatda Gülälegiň pasportyny elinden alyp, öz kagyzlaryna oňa iş hödürlenendigi hakdaky belligi hem etdiler.

Gülälek hepdäniň birinji gününe sabyrsyzlyk bilen garaşyp, birinji gün säher bilen iş salgy berlen ýerlere aýlandy. Myhmanhanalara, ýollara gül ekijileriň edarasyna, töweregi tämizleýjileriň edarasyna baryp gördi. Ýöne baran ýerlerinden Gülälek iş tapmady. Bu edaralar özlerinde hiç hili işiň ýokdugyny, gerekli işgärleriň bir wagt alnandygyny düşündirdiler. Gülälek ýene keýpsiz halda yzyna dolandy.

«Bu näme üçin beýle bolduka?» diýip, haýran galyp pikir öwürdi. Işi salgy berenler ynamdar edaranyň işgärleridi—häkimligiň ilaty işe ýerleşdiriş biržasynyň işgärleridi. Şeýle dabaraly ýagdaýda hödürlenen iş näme üçin ýok?!

Beýle ýagdaýa sataşýanlar diňe Gülälek däl. Şäherleriň, welaýat merkezleriniň, etraplaryň ýaşaýjylarynyň örän köpüsi ilata iş hödürleýän zähmet biržasynyň işgärleriniň aldawyna düşýärler.

Bu biržanyň işgärleri alýan aýlyklaryny ödemek üçin häli-şindi dabaralar guramak bilen ilata hiç bir ýerde ýok işi hödürleýärler. Hatda ilata iş hödürlenjekdigi hakda metbugatda bildirişler hem bolýar. Emma zähmet biržasynyň salgy bermegi bilen işe ýerleşýänler juda az.

Welaýat, etrap merkezleriniň ilaty işe ýerleşdiriş zähmet biržalaryna ýolbaşçy bolmak wezipesini almakdan hemmeler gaçýarlar. Sebäbi işsizligiň ummadan geçýän ýurdunda adamlara iş tapyp bermek aňsat däl. Boş wadalar bilenem uzak gün görüp bolmaýar.

Maral Agaberdiýewa Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy.
XS
SM
MD
LG